DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Gazadaky genoside garamazdan 14 milliard dollarlyk rekord şertnama baglaşdy
Ysraýyl Gazadaky gyrgynçylygyny dowam etdirýär, beýleki tarapdan bolsa Ýewopa ýurtlary bilen goranyş şertnamasyny baglaşdy.
Ysraýyl Gazadaky genoside garamazdan 14 milliard dollarlyk rekord şertnama baglaşdy
5. Juni 2025

Ysraýylyň Goranmak ministrligi, Gazada dowam etdirýän genosidi sebäpli halkara derejesinde berk tankyt edilýändigine garamazdan 2024-nji ýylda jemi 15 milliard dollarlyk goranyş şertnamasynyň baglaşylandygyny habar berdi.

Ysraýyl dünýä ýurtlarynyň Ysraýylyň palestinalylara garşy guraýan hüjümlerine we gabaw astyndaky sebitde başdan geçirilýän ynsanperwer krizise berk garşylyk görkezýändigine garamazdan täze goranyş sertnamasyny baglaşdy. Şol san 2023-nji ýyldaky rekord görkezijiden 13 göterim ýokary.

Şertnamalaryň esasy bölegi Ýewropa ýurtlary bilen baglaşyldy. Aziýa-Ýuwaş umman sebitindäki ýurtlar sanawda ikinji orny eýeledi.

 Tramp döwründe baglaşylan Abraham şertnamalarynyň çäginde Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyran käbir Arap ýurtlary hem sanawda ýer alýar. Ysraýylyň Demirgazyk Amerika, Afrika we Latyn Amerika ýurtlary bilen hem goranyş sertnamasyny baglaşandygy habar berildi.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, satuwlaryň esasy böleginiň raketa we howa goranyş ulgamlaryny öz içine alýandygy nygtaldy.

Beýleki şertnamalaryň arasynda sowutly ulaglar, emeli hemra tehnalogiýasy, kiber ulgamlar hem-de aňtaw ulgamlary ýer alýar. Şertnamalaryň ýarysyndan gowragynyň her biriniň 100 million dollardan ýokarda bolandygy bellenildi.

Ysraýylyň Goranmak ministri Katz, Hamasyň 7-nji oktýabrda başladan operasiýalaryndan soň Gaza guralýan hüjümlere ünsi çekdi we rekord derejä ýetýän eksportyň Ysraýylyň söweş meýdanyndaky üstünlikleri bilen arabaglanşyklydygyny aýtdy.

Katz beýannamasynda “Dünýä Ysraýylyň güýjüni görýär we onuň bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär” diýdi.

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümleri sebäpli sebitiň esasy bölegi harabalyga öwrüldi.

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginiň berýän maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümler sebäpli esasy bölegi zenanlardan we çagalardan ybrat jemi 54 müňden gowrak palestinaly ýogaldy.

Ysraýyl halkara derejesinde hüjümleriň bes edilmegi üçin berilýän çagyryşlara garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär we ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýär.

Genosid döwründe ýarag satuwy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyna görä, Prezident Donald Trampyň wezipesine başlamagyndan soň Ysraýyl 12 milliard dollarlyk harby şertnama baglaşyldy.

Germaniýa bolsa 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Ysraýyl bilen 550 million dollarlyk ýarag şertnamasyny baglaşdy.

Käbir ýurtlar bolsa Ysraýyl bilen edýän harby gatnaşyklaryny çäklendirdi.

İspaniýa sişenbe güni Ysraýyl bilen arabaglanşykly firma bilen baglaşan raketa şertnamasyny bes edendigini mälim etdi.

Britaniýa hem Ysraýyl bilen erkin söwda şertnamasynyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleri saklady.

 

 

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us