DÜNÝÄ
1 minut okamak
Gruziýanyň kazyýeti Saakaşwiliniň tssaglyk möhletini on ýyldan gowrak uzaltdy
Gruziýanyň öňki Prezidentiniň jemi tussaglyk möhleti, serheti geçmek bilen bagly soňky karar bilen birlikde 12 ýyl 6 aýa çenli uzadyldy.
Gruziýanyň kazyýeti Saakaşwiliniň tssaglyk möhletini on ýyldan gowrak uzaltdy
Gruziýa / TRT Global
March 17, 2025

Gruziýanyň kazyýeti ýurduň öňki Prezidenti Mihail Saakaşwilini serhedi bikanun ýollar bilen geçmek bilen aýyplap, 4 ýyl 6 aý azatlykdan mahrum etdi. Bu karar bilen Günbatar tarapdar syýasatçynyň umumy tussaglyk möhleti 12,5 ýyla ýetdi.

57 ýaşly Saakaşwili 2018-nji ýylda wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak günäkärlemesi bilen 6 ýyl azatlykdan mahrum edilmek barada karar berilipdi, geçen hepde bolsa döwlet gaznasyny hyýanatçylykly peýdalanmak bilen aýyplanyp 9 ýyl azatlykdan mahrum edilmek barada karar berildi.

2021-nji ýylda sürgünden ýurduna gaýdyp gelen mahaly jezasyny çekmäge başlan Saakaşwili, aklawçysy Dito Sadzaglişwiliniň habar bermegine görä: “Ukrainadan gizlin ýagdaýda Gruziýa gaýdyp gelmegi sebäpli 4 ýyl 6 aý azatlykdan mahrum edildi” diýip habar berdi.

Kazy Mikheil Jinjolia: “Hökmüň birleşdirilmegi bilen Mihail Saakaşwiliniň umumy tussaglyk möhleti 12 ýyl alty aý hökmünde kesgitlenildi” diýip beýan etdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us