Ukraina we Russiýa, şu aýyň başynda Stambulda gazanylan ylalaşyklaryň çäginde bir hepdäniň içinde dördünji tussag çalşygyny amala aşyrandyklaryny habar berdiler.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý sosial ulgamdan beren beýanatynda: "Biz halkymyzy rus ýesirliginden azat etmegi dowam etdirýäris. Bu bir hepdäniň içinde dördünji alyş-çalyş boldy" diýip mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Russiýa-Ukraina ylalaşyklaryna laýyklykda... Resmi Kiýewiň gözegçiligindäki sebitden rus esgerler yzyna getirildi” diýip aýan etdi.
Ukrainanyň ýesirleriň çalşygyndan jogapkär resmileri Russiýadan 1200 sany şahsyýetleri kesgitlenmedik jesediň ýene-de bir tapgyryny alandyklaryny aýtdylar. Russiýanyň bu jesetleriň “Ukrainyň raýatlaryna, şol sanda harby gullukçylara degişlidigini” öňe sürendigi bellenilýär. Bu hem Stambul ylalaşyklarynyň bir bölegi hökmünde amala aşyryldy.
Ukraina Russiýa jesetleri yzyna gaýtaryp-gaýtarmandygy barada bolsa hiç hili maglumat bermedi.
Ukraina gaýdyp gelen tussaglaryň käbirleriniň ýaralanan görnüşdedigi, käbiri awtobusdan düşüp, garşy alanlary gujaklandyklary, käbirleri bolsa telefonda jaň edendikleri habar berildi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi mesele bilen bagly çap eden wideosynda, harby egin-eşikli erkekleriň rus baýdaklaryny göterýändiklerini, “Russiýa, Russiýa”, “Russiýa şöhrat” we “Ura” diýip gygyrýandyklaryny, käbirleriniň ellerini ýokary galdyrýandyklaryny görüp bolýar.
Bu alyş-çalyş Russiýanyň ýaraşyk tekliplerini ençeme gezek ret eden we front liniýasy boýunça, esasan hem ozal Ukraina tarapyndan basylyp alynan Kursk sebitini goramak üçin “bufer zolak” emele getirmegi maksat edinen we Ukrainanyň demirgazyk-gündogaryndaky Sumy sebitindäki hüjümleriniň gerimini giňelden bir döwürde amala aşyryldy.
Zelenskiý Russiýanyň Sumy ugrundaky öňe gidişligini duruzandyklaryny öňe sürüp, Ukrainanyň harby güýçleriniň bir obany yzyna basyp almagyň hötdesinden gelendigini aýtdy.
Ukrainanyň Prezidentiniň habar bermegine görä Russiýanyň Sumydaky harby güýçji 53 müň esger töweregi.