TÜRKIÝE
1 minut okamak
Prezident Erdogan: Türkiye terrory sebitiň gün tertibinden aýyrmak ugrunda tutanýerli ädimler edýär
Türkiyäniň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň lideri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde "Terrordan saplanan Türkiye" maksatnamasynyň çägindäki tagallalaryň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini aýtdy
Prezident Erdogan: Türkiye terrory sebitiň gün tertibinden aýyrmak ugrunda tutanýerli ädimler edýär
3 hours ago

Türkiyäniň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň lideri bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde "Terrordan saplanan Türkiye" maksatnamasynyň çägindäki tagallalaryň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini aýdyp, strategik hyzmatdaşlygy we sebitleýin parahatçylyk başlangyçlaryna ünsleri çekdi.

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Türkiyäniň “Terrorda sapalanan Türkiye” başlangyçlary bilen hem ýurduň hem-de sebitiň gün tertibinden terrory aýyrmak ugrunda möhüm ädimler edýänigini habar berdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýanata görä, ýekşenbe güni geçen telefon söhbetdeşliginde Erdogan bu ugurdaky tagallalaryň tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan bolsa Türkiyäniň bu maksatnamasynyň sebitleýin howpsuzlyga möhüm goşantlar goşjakdygyny belläp, tapgyryň üstünlik bilen tamamlanmagy üçin üstünlikler arzuw etdi.

Erdogan, Türkiye bilen BAE-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda oňyn netijeler berendigini nygtap, iki ýurduň arasynda, esasanam goranmak senagaty we täze tehnologiýalar babatynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Türkiyäniň Prezidenti Erdogan, Abu Dabide başlanan Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerini ýakyndan gözegçilik edilýändigini we Kawkazda uzak möhletleýin asudalygy üpjün etmek ugrunda edilýän tagallalara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us