Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyrmak bölümi (OCHA) gabaw astynda bolan Gazany "dünýäniň iň aç ýeri" diýip häsiýetlendirip, sebite gyssagly ynsanperwer kömek bermäge çagyrdy.
OCHA metbugat sekretary Ýens Lerke UN NEWS-e beren beýanatynda: “Häzirki wagtda takmynan 180000 palet azyk we beýleki zerur zatlar dünýäniň iň aç ýeri bolan Gaza girmäge taýýar ýagdaýda” diýip belledi.
Ýens Lerke: “Ynsanperwer kömekleriň puly dünýädäki haýyr-sahawatçylar tarapyndan ozaldan tölendi. Gümrük işleri tamamlandy, tassyklandy we ýola çykmaga taýýar. Ynsanperwer kömekleriň tiz wagtda, uly göwrümde we zerur derejede ýetirip bileris” diýdi.
Ýens Lerke utgaşdyryş edarasynyň “Ynsaperwer kömekleriň asuda ilata howpsuz ýagdaýda ýetirilmegi üçin zerur ähli zada eýedigini” belledi.
Mart aýyndan bäri Ysraýyl gabaw astyndaky sebite azyk kömeginiň girmeginiň öňüni alýar we palestinalylary açlyga sezewar edýär.