Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan penşenbe güni ýüz millionlarça dollar mukdarda goşant goşan Ankaranyň “adalatsyz” ýagdaýda çykarylan F-35 programmasyna ýaňadandan goşulmagy maksat edinýändigini habar berdi.
Prezident Erdogan NATO sammitinden soň uçarda metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Biz F-35 uçarlaryndan el çekmedik. Taslama täzeden goşulmak niýetimizi hyzmatdaşlarymyz bilen ara alyp maslahatlaşýarys. Türkiye bu programmadan adalatsyz ýagdaýda çykaryldy” diýip mälim etdi.
Türkiye bu köp maksatly uçary özgertmekde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk eden sekiz ýurduň biridi. Prezident Erdogan: "F-35 programmasy tehniki taýdan bolşy ýaly şeýle hem syýasy tapgyrdyr. Bileleşigiň ruhuna laýyk gelmeýän bu ädimi hemişe tankyt etdik. Bu meseläni hormatly Tramp bilen geçiren duşuşygymda ara alyp maslahatlaşdyk we tehniki derejedäki gepleşikler başlandy. Nesip bolsa öňe gidişlik ederis" diýdi.
Türkiye Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamyny satyn alandan soň bu programmadan çykarylypdy. Şeýle-de bolsa, Erdogan Russiýanyň howa goranyş ulgamynyň ähmiýetini peseldip, S-400-iň Tramp bilen geçiren duşuşygynda gün tertibe gelmändigini belläp: “S-400 bilen bagly mesele ýapyldy” diýdi.
“Howa goranyş ulgamy S-400 bilen gutarmaýar. Biz Polat gümmez gurýarys" diýip aýdan Erdogan Ankaranyň SIPER, HISAR, SUNGUR we milli harby uçary KAAN ýaly içerki raketa goranyş taslamalaryny öz içine alýan "ulgamlaryň ulgamyny" gurýandygyny aýtdy.
NATO sammitiniň netijeleri
Erdogan, NATO sammitiniň netijelerine ünsleri çekip, NATO-nyň geljek on ýylda goranyş çykdajylaryny jemi içerki önümiň 5 göterimine çenli ýokarlandyrmak borjuny nygtady we Türkiyäniň bu maksada ýetjek iň ýakyn ýurtlaryň biridigini aýtdy.
Şeýle hem, çäklendirmeleri aýyrmagyň, esasanam ýaranlaryň arasyndaky goranyş senagaty hyzmatdaşlygy meselesine ünlkeri çekdi.
Erdogan mundan başgada 2026-njy ýyldaky NATO liderler sammitiniň Türkieede geçiriljekdigini tassyklady.
Ukraina-Russiýa parahatçylyk gepleşikleri
Türkiyäniň Ukraina-Russiýa parahatçylyk gepleşiklerinde araçy roluna ygrarlydygyny aýdan Erdogan, Stambul tapgyryny täzeden başlatjakdygyny aýtdy we üçünji parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi teklip etdi.
Erdogan mundan başgada sammitde ikiçäk duşuşyk geçiren Trampyň şolar ýaly sammiti goldaýandygyny aýtdy.
Erdogan, Trampyň özüne: "Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin çözgüt tapmak üçin Stambula ýa-da Ankara gelse, men hem Stambula ýa-da Ankara gelerin" diýendigini habar berdi.