Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bileleşigi ASEAN-yň 46-nji sammiti Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda öz işine başlady.
Sebit ýurtlarynyň liderleri ABŞ-nyň salgytlary, Mýanmadaky çaknyşyklar we Günorta Hytaý deňizindäki düşnüşmezlikler ýaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşar.
Malaý Mailiň berýän habaryna görä, liderler sebitara jebisligiň güýçlendirilmegi, strategik hyzmatdaşlyk we başdan geçirilýän soňky kynçylyklary ara alyp maslahatlaşar.
Guramanyň döwürleýin ýolbaşçysy Malaýziýanyň Premýer-ministri Enwer Ibrahim sammitiň açylyş çykyşynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa hat ýazyp, şu ýyl ASEAN-ABŞ sammitiniň geçirilmegini we salgyt meselesiniň çözülmegini talap edendigini aýtdy.
ABŞ tarapyndan ASEAN-a agza ýurtlara 10%-den 49%-iň arasynda goýlan salgytlar uly zeper ýetirdi. Emma Tramp geçen aý salgytlara 90 günlük arakesme berlendigini mälim edipdi we ABŞ bilen täze gepleşikler başlapdy.
Enwer, ASEAN-yň uly güýçleriň şahsy tutumlaryna esaslanýan syýasy dartgynlyklaryň hötdesinden gelip biljekdigini aýtdy.
Kuala-Lumpur deklarasiýasy
Enwer, Günortagündogar Aziýa sebitiniň hukugyň üstünligine sarpa goýýandygyny we söwda gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýändigini emma indi bu tutuma howp abanýandygyny aýtdy.
Malaýziýanyň Premýer-ministri “ASEAN üçin biziň parahatçylygymyz, durnuklylygymyz we abadançylygymyz umuman erkin söwda, maýa goýuma esaslanýan açyk, giň gerimli we belli düzgünlere esaslýan halkara ulgama tabyn boldy. Emma indi şol esaslara uly zeper ýetirildi” diýdi.
Enwer ASEAN-yň dost ýurtlar bilen edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine uly ähmiýet berýändigine ünsi çekdi.
Sammitiň çäginde gurama agza ýurtlaryň liderleriniň arasynda özara duşuşyklar geçirler.
ASEAN, Indoneziýadan, Wýetnamdan, Laosdan, Bruneýden, Taýlantdan, Mýanmadan, Filippinlerden, Kambožadan, Singapurdan we Malaýziýadan ybarat 10 agzaly halkara guramalaryň biri.