TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiye Nigeriaýdaky sil apatynda ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi
Nigeriýadaky sil apatynda ýogalanlaryň sany 151 adama ýeten bolsa, 3000-den gowrak adam öýsüz galdy.
Türkiye Nigeriaýdaky sil apatynda ýogalan adamlar zerarly gynanç bildirdi
June 1, 2025

Türkiye Nigeriýanyň Niger welaýatynda başdan geçirilen elhenç sil apatynda ýogalan adamlar zerarly gyanç ýüzlenmesini çap etdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi tarapyndan şenbe güni berlen beýanatda: “Nigeriýanyň Niger welaýatynyň Mokwa sebitinde başdan geçirlen elhenç sil apaty sebäpli bolan adam pidalary we weýrançylyk sebäpli çuňňur gynanjymyzy bildirýäris” diýip bellendi.

Beýanatda mundan başgada: “Ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna we Nigeriýanyň halkyna gynanç bildirýäris” diýip bellendi.

Nigeriýanyň Niger welaýatynyň Mokwa sebitinde aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 150 adamdan geçdi. Nigeriýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar agentliginiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Hussaini ýogalanlaryň sanynyň 151 adamdygyny habar berdi.

Hussaini: "Bu betbagtçylykda jemi 3018 adam göçürildi, 503 maşgala we 265 öý zyýan çekdi. Üç şäherçe doly suw astynda galdy" diýdi.

Güýçli ýagyş jaýlaryň we infrastrukturanyň, käbir ýollaryň we iki köpriniň ýumrulmagyna sebäp boldy.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us