Firmanyň ýolbaşçysy Ilon Mask çarşenbe güni beren beýanatynda Starlinkiň Şiri-Lankada internet hyzmatyny bermäge başlandygyny mälim etdi.
Mask X arkaly beren habarnamasynda “Starlink indi Şri-Lankada ulanylyp bilner” diýdi.
Firma geçen aý Bangladeşde-de internet hyzmatlaryny bermäge başlapdy.
Üstümizdäki ýylyň mart aýynda Pakistan hem Starlinkiň iş alyp barmagy üçin wagtlaýyn “Garşylyk ýok resminamasyny” (NOC) berdi.
Ýylyň başynda Hindistanyň iki telekommunikasiýa firmasy Bharti Airtel we RElianke Jio hem Starlingiň internet hyzmatlaryny ýurda getirmek üçin SpaýsX bilen şertnama baglaşypdy.
Amerikaly milliarder Ilon Maskyň firmasy SpaýsX-iň bir bölümi bolan Starlink häzirki wagtda 125-den gowrak ýurtda we sebitde iş alyp baryp, global gerimini giňeltdi.
Firma pes Dünýa orbitasyndaky hemralardan ybarat bolan ýyldyzlar toplumyndan peýdalanyp, alysdaky ýa-da ýeterlik hyzmat almaýan sebitlerde internet üpcünçiligini döredýär.