Ynsanlar bu wakany ylahy gudrat hökmünde häsiýetlendirdi.
Liwiýaly Amer Al Mansour Kaddafi, Saud Arabystanyna haja gitmek üçin garaşýan hajylyga dalaşgärler bilen birlikde uçara münmek üçin taýarlanýardy.
Emma soňky pursatda Liwiýanyň merkezinde ýerleşýän halkara Sebha howa menzilindäki immigrasiýa işgärleri tarapyndan uçara münmegine rugsat berilmedi. Familiýasy Kaddafi bolandygy üçin Liwiýanyň agdarlan lideri Muammed Kaddafi bilen arabaglanşygynyň bolup biljekdigi sebäpli howpsuzlyk güýçleri tarapyndan bellige alynandygy görüldi.
Onuň yzygiderli haýyşlaryna garamazdan Kaddafi uçara alynmady we uçar Saud Arabystanyna tarap uçdy.
Maşgala agzalary we howa menziliniň işgärleri oňa ýagdaýy kabul edip öýüne gitmegini maslahat berdi. Emma ol egilşik etmedi.
Gulf Nýusyň berýän habaryna görä, Kaddafi “Bu ýerden diňe Hajy bolmak üçin giderin” diýdi.
Şol pursatlarda täsin waka başdan geçirildi
Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, uçar uçandan gysga wagt soň tehniki näsazlyk sebäpli howa menziline yzyna dolandy.
Uçaryň howa menziline gonmagyndan soň howa ýollarynyň hünärmeni uçarmandan Kaddafiniň uçara alynmagyny haýyşt etdi.
Emma uçarman hereketlendirijileriň işleýändigi sebäpli uçaryň gapysyny açyp bilmejekdigini aýtdy we logistiki kynçylyklar sebäpli bu haýyşy kabul etmedi.
“Men onsuz uçmaryn”
Garaşylmadyk ýagdaýda uçarda ikinji gezek tehniki näsazlyk ýüze çykdy.
Arynýusyň berýän habaryna görä, uçarman “Amer bu uçarda bolmasa men uçmaryn” diýip duýdyryş berdi.
Ýolagçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen Kaddafiniň uçara münmegine rugsat berildi. Şol pursatlar wideo ýazga alyndy we sosial mediada giňden paýlaşyldy.
Kaddafi ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beren beýannamasyna “Men diňe haja gitmek isledim. Eger bu meniň ykbalymda ýazylan bolsa, hiçbir güýç muny saklap bilmez”diýdi.
Her ýyl müňlerçe musulman Haj zyýaratyna gidýär.
Haj musulmanlar üçin dini parz bolup, fiziki we maliýe taýdan mümkinçiligi bolanlaryň ömründe azyndan bir gezek ýerine ýetirmeli borjudyr.
Musulmanlar bu mukaddes ýolagçylygyň Allanyň saýlan bendelerine beren çagyryşydygyna ynanýar.