DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda guralan soňky hüjümlerde azyndan 5 adam ýogaldy
Söweşijiler ýurduň günorta-günbatarynda ýerleşýän Buluçistan welaýatynda hakynatutma güýçleriň harby merkezine hüjüm gurady.
Pakistanda guralan soňky hüjümlerde azyndan 5 adam ýogaldy
день назад

Sişenbe güni Pakistanyň günorta günbatarynda we demirgazyk günbatarynda guralan hüjümlerde ikisi polisiýa işgäri bolmak bilen azyndan 5 adam ýogaldy.

Agyr ýaragly hüjümçiler, ýurduň günorta günbatarynda ýerleşýän Buluçistan welaýatynyň Mustang etrapçasynda hakynatutma güýçleriň harby merkezine hüjüm gurady. Hüjümde 1 adam ýogaldy, 7 adam aýralandy.

Weýat häkimliginden berlen beýannamada, hüjümi guran iki terrorçynyň öldürlendigi we 3 adamyň ýaralanandygy nygtaldy. Beýannamada “Hüjümiň Hindistan tarapyndan goldanýan terrorçylar” tarapyndan guralandygy nygtaldy.

Pakistanly ýolbaşçylaryň günäkärlemelerine Täze Deli tarapyndan heniz hiç hili jogap berilmedi.

Terrorçylykly hüjümler artýar

Yslamabat uzak ýyllardan bäri bäsdeşi bolan Hindistany, Buluçistana we demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Haýber Pahtunýa sebitine guralan hüjümlere goldaw bermekde günäkärleýär. Emma Hindistan bu günäkärlemeleri kabul etmedi.

Haýber Pahtunýanyň Lakki Marwar etrapçasynda şahsyýeti näbelli hüjümçiler iki ýol gözegçilik polisiýa işgärine hüjüm etdi.

Soňky hüjümleriň jogapkärçiligini öz üstüne alan bolmady. Emma Buluç separatistleri we Pakistanda hereket edýän beýleki söweşiji toparlary özünde jemleýän Tehrik-i Taliban Pakistan uzak wagtdan bäri iki welaýatda howpsuzlyk güýçlerine we asuda ilata hüjüm guraýar.

Pakistanda soňky ýyllarda KP we Buluçistan welaýatynda guralýan terrorçylykly hüjümleriň sany artýar.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us