Türkiýäniň halkara demir ýol logistika kompaniýasy ““Pasifik Eurasia”” bilen Hytaýyň Demir Ýollary edarasy 23-nji maýda Pekinde geçirilen diplomatik derejedäki duşuşykdan soň Orta Koridorda demir ýol gatnawyny ösdürmek üçin hyzmatdaşlyk eder.
“Pasifik” holdingiň ýolbaşçysy Fatih Erdogan we Hytaýyň Demir Ýollary edarasynyň Baş müdiri Song Xiude Türkiýäniň Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň Hytaýa guran saparynyň dowamynda duşuşdylar.
Duşuşykda taraplar Orta Koridor ugrunyň hödürleýän mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak üçin hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşdylar. Bu ugur Hytaýyň "Guşak- ýol" başlangyjynyň esasy bölegi bolup durýar.
Fatih Erdogan, 2019-njy ýylda esaslandyrylan ““Pasifik Eurasia”nyň” Türkiýäniň halkara demir ýol logistikasyny dolandyrýan öňdebaryjy kompaniýadygyny we Baku-Tibilisi-Kars (BTK) demir ýolunda gatnawyň 95 göterimini ýerine ýetirýändigini aýtdy.
Ol ““Pasifik Eurasia”” kompaniýasynyň 2017-nji ýylda açylan emma ulanylmadyk bu liniýany janlandyrmakda möhüm rol oýnandygyny belledi.
Erdogan, “Pasifik Eurasia” kompaniýasynyň Hytaýda alyp barýan işlerinde Orta Koridor ugry bilen bagly strategiýa eýerendigini we şol ugruň uly iş göwrümini döretjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle hem, Türkiýäniň strategiki ýerleşişiniň logistiki taydan uly mümkinçilikleri döredip, ýurduň hususy pudagyna goşant goşjakdygyny beýan etdi.
Uly göwrümli iş
Erdogan, kompaniýanyň Türkiýe bilen Hytaýyň arasynda ilkinji blok otly gatnawyny, Türkiýeden Hytaýa ilkinji otly arkaly eksporty we Orta Koridor arkaly Hytaý bilen Ýewropa arasyndaky ilkinji blok otly gatnawyny amala aşyrandygyny aýtdy.
Erdogan Pandemiýanyň bu tagallalaryň has üstünlikli bolmagyna garaşylýan döwürde ýüze çykandygyny we işleriň togtadandygyny belledi.
Erdogan Hytaýyň "Guşak-ýol" başlangyjynyň gury ýer böleginiň çäginde demir ýol transportyna uly maýa goýandygyny we esasan hem Hytaýyň, Russiýanyň we Ýewropanyň arasyndaky Demirgazyk Koridor ugrunda uly subsidiýalaryň bardygyny aýtdy.
Ol her ýyl bu ugurda 20 müň töweregi ýük otlusynyň gatnaýandygyny edýändigini we 2 million TEU konteýneriň daşalýandygyny belledi. Orta Koridor ugrunda bolsa diňe 300 otlynyň hereket edýändigini aýdyp, bu ugurda has uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Erdogan Orta Koridoryň Türkiýäniň taslamasy bolmalydygyny we bu ugurda uly göwrümli gatnawlaryň ýola goýulmalydygyny aýtdy.
"Guşak-ýol" başlangyjy Hytaýyň taslamasydyr, emma Orta Koridor Türkiýäniň taslamasy bolmaly, sebäbi bu ugur diňe Türkiýänüň üstaşyr Demirgazyk Koridor ýaly bolup biler" diýip, ol aýtdy.
"Parahatçylyk koridory"
Erdogan Hytaýyň Demir Ýollary edarasynyň ýolbaşçysynyň we resmileriniň geçen hepde Türkiýä sapar edendigini we soň bolsa Pekinde duşuşyk geçirilendigini aýtdy.
Song bilen bolan gepleşiklerinde Orta Koridor arkaly daşalýan ýükleriň çäklidigini, emma Türkiýäniň infrastruktura we transport mümkinçilikleri bilen onuň mukdaryny artdyrmak hakynda maslahatlaşandyklaryny aýtdy.
Ol bu ylalaşygyň Orta Koridory ösdürmekde öwrülişik nokady boljakdygyny belledi.
Erdogan Orta Koridory we Türkiýe ugruny ösdürmek üçin orta we uzak möhletli taslamalaryň gün tertibinde saklanýandygyny, şol sanda Azerbaýjandan Nahiçewan Awtonom Respublikasyndaky Zengezur koridory, Türkiýe bilen Aýlagyň arasyndaky Galkynyş Ýoly we Türkiýe bilen Ýewropany birleşdirýän üçünji köpri ýaly taslamalaryň bardygyny aýtdy.
Fatih Erdogan Orta Koridoryň Hytaýyň Ýewropa we Ýakyn Gündogar hem-de Demirgazyk Afrika ýaly ösýän bazarlara elýeterliligini üpjün etjekdigini nygtap, taslamany "parahatçylyk koridory" diýip atlandyrdy.