Washington DC — TRT World halkara abraýly baýraga laýyk görüldi— bu gezek 2025 Telly Awards baýragynda, onuň jemgyýetçilik wideo serialy “Disenfranchised Americans” "Jemgyýetçilik Hyzmaty we Aktiwizm" kategoriýasynda Kümüş baýrak bilen sylaglandy.
Bu serial öz täsir galdyryjy başdan geçirmeleri we açyk, süzgüçden geçirilmedik şaýatlyklary bilen Amerikanyň millionlarça ilatynyň ses bermek hukugyndan mahrum bolandygyny görkezýär — Porto Rikodan, ýerli halklaryň rezervasiýalaryndan we hatda Waşington DC-den başlap, ýurduň iň mukaddes demokratik çärelerine gatnaşyp bilmeýänleriň pikirdir garaýyşyny beýan edýär.
“Waşington DC-däki sanly ulgam toparymyzyň — Stambuldaky kärdeşlerimiziň gymmatly goldawy bilen — ýene-de ajaýyp üstünlik gazanandygyny sizin dykgatyňyza ýetiresim gelýär” diýip, TRT-niň ABŞ-daky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Enes Adli aýtdy.
Adli, topar agzalarynyň "irginsiz tagallalary we döredijilikli garaýyşlary" üçin olara minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem: "Bu olaryň täsir galdyryjy hekaýa döretmäge bolan yhlasynyň ýerine düşen sylagydyr " diýdi.
2024-nji ýylda ABŞ-nyň prezident saýlawlarynyň dowamynda TRT World-iň sanly platformalarynda -YouTube, TikTok, Facebook, Instagram we X ýaly platformalarda- efire berilen üç bölümden ybarat web serialy tomaşaçylaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi we söhbetdeşliklere sebäp boldy.
“Özüne mahsus jurnalistika we ýerlerde geçirilen söhbetdeşlikleri arkaly bu serial Amerikanyň dürli gatlaklarynyň Prezidente ýa-da Kongresiň agzalaryna ses bermek hukugyndan mahrum edilmeginiň başdan geçirenlerini beýan edýar. Maksat syýasy kemsidilmeleri global sanly ulgam tomaşaçylarynyň dykgatyna ýetirmekdi” diýip, TRT World-iň Waşingtondaky ýerine ýetiriji prodýuseri Baba Umar aýtdy.
“Hukuklaryndan mahrum edilen amerikalylar” TRT World-iň ozal eşidilmedikleri eşitdirmek we ünslülik talap edýän başdan geçirmeleri gürrüň bermek boýunça borjuna esaslanýar. Telly Awards, global wideo we teleýaýlym baýragy 46-njy ýyllyk ýeňijilerini yglan edip, dünýäniň dürli künjeklerinden "13,000-den gowrak ýüz tutmanyň" gelip gowşandygyny aýtdy.
Şu ýylyň mowzugy "Stories Take Shape", häzirki döredijileriň adaty hekaýa gürrüň berme usullaryny täze formatlar bilen utgaşdyryp, wideonyň ähli mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ulanyp bilýändigini görkezýär.
“Şu ýyl edilen ýüztutmalara haýran galdym,” diýip, Telly Awardsyň dolandyryjy direktory Amanda Needham öz beýanatynda aýtdy.
“Bütin pudak boýunça işlemek mümkinçiligi Telly baýraklaryny platforma, ekran ýa-da önümçilik usulyna garamazdan hakykatdanam ajaýyp wideo işlerini ýaýbaňlandyrmak taydan taýsyzdygymyzy görkezýär.”
“Disenfranchised Americans” seriýasynyň ähli bölümlerini görmek üçin basyň.