Adamlaryň aýda ýa-da marsda azyk öndürýändigini göz öňüne getiriň. Ylmy-amaly teoriýa meňzeýär gerek? Emma ol tapgyrma-tapgyr hakykata öwrülýär. Bu bölümde adamzadyň başga planetalarda ýaşamagyny we ekerançylyk bilen meşgullanmagyny ýola goýjak ajaýyp açyşlardan biri hakynda durup geçmekçi. Türk alymlary “Sçrenkiella parwula atly ösümligiň üstünde hem dünýäde hem-de älem giňişliginde synaglar geçirýärler. Şol ösümlik azyk ösdürip ýetişdirmekde başlangyç bolup biler. Geliň bilelikde ser salalyň.
Ylmy barlaga ýolbaşçylyk edýän dosent doktor Özgür Uzildaý adamyň durmuşynyň ösümliklere baglydygyny beýan edýär. Ösümlikler bizi kislorod we azyk bilen üpjün edýär-ikisem başlangyç zerurlyk. Emma beýleki planetalarda ýaşamak üçin uly kynçylyk bar: “regolit” atly toprak. Ol, älem giňişliginde tapylan topragyň görnüşidir. Dünýädäkiden doly tapawutly. Zäherli we bereketsiz, düzüminde zyýanly duzlar we metallar köp.
Özgür regolitiň ýokarky gatlaklarynyň sarp edýän ösümliklerimiziň köküni ösdürmek üçin iňňän dykyzdygyny beýan edýär. Şeýle hem regolit suwy dünýädäki toprak ýaly saklamaýar. Suwy dünýäden getirmegiň gymmaty iňňän ýokary bolandygy üçin, bu agyr şertlerde azyk ösdürip ýetişdirmegin täze ýoly tapylmaly.
Şrenkiýella parwula bolsa ine şu ýerde özüni görkezýär. Türkiýäniň Duz kölüne mahsus çydamly, kiçijik ösümlik duzly şertlerde hem ösýär. Ol “halofit”-ýagny öýjüklerinde duz toplaýan ösümlik görnüşlerinden biri. Şrenkiýella parwula ösümlikleriň köpüsini ýok edýan hrom, bor we litiý ýaly himikatlara hem çydamly. Ine şol sebäpli kosmosdaky ekerançylyk üçin amatly ösümli.
Emma diňe bir regolitiň ingrediýentleri möhüm däl. Dünýäde synalmadyk beýleki bir zat bolsa, şol ösümlikleriň grawitasiýasyz şertlerde ösüm, ösmejekdigi. Ony anyklamak üçin türk alymlary uly başlangyç etdiler. 2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkiýäniň ilkinji kosmonawty Alper Gezerawjy şrenkiýella parwulanyň 50-den gowrak tohumyny Halkara kosmos bekedine alyp gitdi. Tohumlar bekediň laboratoriýasynda aýdaky ýa-da marsdaky şertlere uýgunlaşdyrylan giňişlige ekildi. Eýsem maksat näme? Ösümligiň älem giňişliginde ösüp, ösmejekdigini görmek.
Ol netije berdi. Tohumlar gögerdi we ýaprak açdy. Alymlar şeýle tolgundylar. Sekiz günüň dowamynda ösümlikler garaşylýanyndan has gowy ösdüler. Emma bu synagda geň galdyryjy başga bir zat bardy: ösümligiň köküniň nähili ösenligi…
Ösümlikler dünýade grawitasiýa laýyklykda aşak tarapa ösýärler. Emma älem giňişliginde grawitasiýa ýokdugy üçin kökler garaşylmadyk taraplara ösdüler. Şertleriň ýaramazlygyna garamazdan ösümlik gögerdi we ösdi.
Alymlar älem giňişliginde ösdürilen ösümlikleriň dünýäde ösdürilenler bilen deňeşdirdiler. Onuň älem giňişliginde dünýädäki ýaly güýçli bolup, bolmandygyny öwrenmek isleýärdiler. Eger netijeli bolaýsa, bu ösümlik kosmos kolonizasiýasynyň esasy meselelerinden biri çözer.
Özgür Uzildaý şrenkiýella parwulanyň regolitiň üstünde “ösümlik gatlagy” hökmünde peýdalanylyp bilinjekdigini we beýleki ösümlikler üçin topragy güýçlendirjekdigini öňe sürýär. Bu ösümlik aýdaky we marsdaky dykyz, zäherli regolitleri ýaşaýyş üçin amatly topraga öwürip biler. Şeýle hem topragyň çyglanma ukybyny artdyrar. Ol bolsa älem giňişligindäki ekerançylyk üçin iňňän möhüm.
Eýsem bu nämäni aňladýar? Türkiýede ösýän bu kiçijik ösümlik beýleki planetalary ýaşaýyşa taýýarlamak üçin başlangyç emele getirip biler. Agyr şertlere çydamlylygy bizde dünýäniň daşyndaky ekerançylygyň gelejegi üçin umyt döredýär.
Şu podkast Karýa Naz Balkyzyň makalasynyň esasynda taýýarlanyldy.