Russiýa tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine guralan hüjümlerde azyndan 14 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy. Resmiler Odessa we Çernigow sebitlerinde-de ýaralanan adamlaryň bardygyny habar berdiler.
Ukrainanyň Içeri işler ministri Igor Klymenko sişenbe güni Telegram hasabyndan beren beýanatynda: “Paýtagtyň tapawutly etraplaryndaky 27 aýry nokada gije duşman tarapyndan hüjümler guraldy” diýip aýan etdi.
Klymenko: "Ýaşaýyş jaýlara, bilim edaralaryna we möhüm infrastruktura desgalaryna hüjümler guraldy" diýdi.
Kiýew şäheriniň häkimi Witaliý Kliçko ozal bolsa Kiýewiň Solomenskyý sebitinde bir ABŞ raýatynyň rus hüjümlerinde ýogalandygyny habar beripdi. Beýanatda: “Kiýewe guralan hüjümde saglygy goraýyş igärleriniň ýaralanan adamlara kömek beren ýeriň golaýyndaky öýleriň biridein 62 ýaşyndaky ABŞ raýaty ýogaldy” diýip mälim etdi.
“Ultimatumlar”
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň baş geňeşçisi Andriý Ýermak Telegram hasabyndan beren beýanatynda, Moskwanyň Kiýewdäki ýaşaýyş binalaryna garşy guraýan täze hüjümleri bilen asuda ailata garşy urşuny dowam etdirýändigini habar berdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa düýn gije Ukraina degişli 147 uçarmansyz howa ulagyny ýere gaçyrandyklaryny beýan etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi sişenbe güni beren beýanatynda howa goranyş ulgamlarynyň Moskwa sebiti bilen birlikde Russiýanyň territoriýasynda Ukraina degişli 147 uçarmansyz howa ulagyny täsirsiz ýagdaýa getirendikleri mälim edildi.
Mundan başgada Moskwanyň şäher häkimi Sergeý Sobýanin sişenbe güni irden Moskwa ugrunda Ukraina degişli 2 sany uçarmansyz howa ulagyny yzyna serpikdirendiklerini habar berdi.