DÜNÝÄ
1 minut okamak
Fransiýanyň kazyýeti Žerar Depardýeni film düşürlen mahaly jynsy zorluk etmek bilen günäkärledi
76 ýaşly kino ýyldyzy 18 aý şertli ýagdaýda azatlykdan mahrum edildi.
Fransiýanyň kazyýeti Žerar Depardýeni film düşürlen mahaly jynsy zorluk etmek bilen günäkärledi
13 мая 2025 г.

Pariždäki kazyýetleriň biri fransyz aktýor Žerar Depardýeni 2021-nji ýylda kino-film düşürlýän mahaly iki tapawutly zenana jynsy zorluk etmekde aýyplady. Bu kazyýet işi, Fransiýanyň kazylarynyň garamagyna iň ýokary derejeli #MeToo (#Menem) kazyýet işiniň biri hökmünde ünsleri özüne çekdi.

Fransuz kinosynyň meşhur aktýorlarynyň biri bolan Žerar Depardýe kazyýet işiniň dowamynda aýyplamalary birnäçe gezek inkär etdi, aklawçysy bolsa oňa bildirilýän aýyplamalaryň ýatyrylmagyny isledi.

Emma kazy Terri Donar Žerar Depardýeniň wakalar baradaky düşündirişini ygtybarly tapmaýandygyny aýtdy.

Kazy, 76 ýaşly Depardýeni şertli ýagdaýda 18 aý azatlykdan mahrum etmek we 20 000 ýewro jerime tölemegini talap etdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us