SYÝASAT
1 minut okamak
Hamaneý: Tramp ABŞ-nyň hüjümleriniň netijelerini ulaldyp görkezdi
Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, ABŞ-nyň Tährandaky ýadro desgalaryna guran hüjümleriniň garaşylýan netijäni bermändigini aýtdy.
Hamaneý: Tramp ABŞ-nyň hüjümleriniň netijelerini ulaldyp görkezdi
7 hours ago

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Eýranyň ýadro desgalaryna guralan amerikan harby hüjümleriniň netijelerini çenden aşa ulaltmakda günäkärledi we hüjümleriň garaşylýan netijäni bermändigini aýtdy.

Ali Hamaneý ýekşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Amerikanyň Prezidenti hüjümleriň netijelerini çenden aşa ulaltdy”diýdi.

Hamaneý “Bu sözleri eşiden her bir adam, şol sözleriň aňyrsynda başga hakykatlaryň bardygyna göz ýetirdi. Olar hiç zat edip bilmediler we hakykaty gizlemek üçin hüjümleriň netijelerini ulaldyp görkezmäge synanşdylar” diýip belledi.

Tramp “Fox Nýus” ýaýlymyna beren beýannamasynda “İçeri girdik. Ýadro ukubyny ýok etdik we durduk. 12 günde gowy netieler alyndy” diýipdi.

Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky çaknyşyk 13-nji iýunda Ysraýylyň Eýrana degişli harby merkezlere we ýadro desgalaryna guran howa hüjümleri bilen başlady. Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligine görä, hüjümlerde azyndan 606 adam ýogaldy we 5 müň 332 adam ýaralandy.

İýerusalimdäki Ýewreý uniwersitetiniň görkezijilerine görä, Tahranyň Ysraýyla guran raketa hüjümlerinde azyndan 29 adam ýogaldy, 3 müň 400 adan ýaralandy.

ABŞ Eýranyň Fordo, Natanz we Ysfahan ýadro desgalaryna hüjüm guramak bilen çaknyşygyň möwjemegine sebäp boldy.

Çaknyşyklar 24-nji iýunda ABŞ-nyň goldaw bermeginde gazanylan ylalaşygyň netijesinde bes edildi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us