SYÝASAT
1 minut okamak
Stambulda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikinji tapgyr gepleşikler başlady
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Stambulda "ikitaraplaýyn wekilhanalaryň işlerini has-da durnuklaşdyrmak" boýunça tagallalary ara alyp maslahatlaşmak üçin ikinji tapgyr gepleşikleriň başlanandygyny habar berdi.
Stambulda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikinji tapgyr gepleşikler başlady
Stambulda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikinji tapgyr gepleşikler başlady / AA
April 10, 2025

ABŞ bilen Russiýanyň arasyndaky gepleşikleriň ikinji tapgyry Stambulda başlady.

ABŞ-nyň wekşiliýeti penşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 9:45-de (GMT 0645) Russiýanyň Stambuldaky Baş konsullygynda ýurduň ilçihanalarynyň işini kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler geçirdi.

Sişenbe güni ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Temmi Brýus wekiliýetleriň Stambulda ikinji tapgyr gepleşikler geçirmek üçin duşuşjakdygyny we bu gepleşikleriň iki ýurduň ikitaraplaýy wekilhanalarynyň işini "has-da durnuklaşdyrmak" üçin geçirilendigini aýtdy.

Ol "gün tertibinde syýasy ýa-da howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň ýokdugyny" belläp, Ukrainadaky ýagdaýlaryň "gün tertibinde asla ýokdugyny" aýratyn nygtady.

Gepleşikler Russiýanyň Stambuldaky baş konsulynyň kabulhanasynda geçirilýär we birnäçe sagat dowam eder diýlip garaşylýar, emma öňki tapgyr ýaly alty sagatdan köp dowam etmez.

Russiýanyň wekiliýetine Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi Aleksandr Darçýew ýolbaşçylyk eder, ABŞ delegasiýasyna bolsa Döwlet departamentiniň kömekçi sekretarynyň orunbasary Sonata Koulter ýolbaşçylyk eder.

Darçýew duşuşygyň öň ýanynda birnäçe meselede eýýäm käbir netijeleriň alynandygyny mälim etdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us