Russiýa we Ukraina şu aýyň başynda Stambulda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda Moskwa bilen Kiýewiň arasynda uly göwrümli ýesir alyş-çalşygynyň üçünji we soňky tapgyryny amala aşyrandyklaryny tassykladylar.
Russiýanyň Goranmak ministrligi ýekşenbe güni Ukrainanyň 303 rus esgerini yzyna gaýtaryp berendigini, munuň öwezine 303 ukrain esgeriniň Kiýewe gaýdyp barandygyny habar berdi.
Beýanatda: “Häzirki wagtda rus esgerleri Belarussiýa Respublikasynyň çäginde ýerleşýär we bu ýerde zerur psihologiki we lukmançylyk kömegini alýarlar". Şeýle hem esgerleriň bejergi we reabilitasiýasy üçin Russiýa gaýdyp geljekdigi nygtaldy.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý hem X platformasyndan beren beýanatynda ýesir alyş-çalşygyny tassyklady we bu alyş-çalyşygyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin gije-gündiz işleýän topara minnetdarlyk bildirdi.
Stambul Parahatçylyk Gepleşikleri
Zelenskiý: “Rus ýesirliginden her bir raýatymyzy çürt-kesik yzyna getireris” diýdi.
Türkiye 16-njy maýda Stambulda Russiýanyň we Ukrainanyň üç ýyl soň ilkinji gönüden duşuşyk geçiren gepleşiklerine ýer eýeçiligini etdi. Gepleşikleriň barşynda ýurtlaryň ikisinden jemi 1000 adamy öz içine alýan ýesir alyş-çalşygy babatynda ylalaşyga gelindi we taraplary ýaraşyk boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegi babatynda ylalaşdylar.
Ylalaşygyň çäginde geçen 2 günüň dowamynda taraplaryň ikisinden nobat bilen 390 we 307 ýesir alyş-çalşygy amala aşyryldy.