Liwiýanyň Milli jebislik hökümetiniň Premýer-ministri Abulhamid Dibeýbe, şenbe güni beren beýannamasynda, Tripolide başdan geçirlen soňky wakalaryň şäheriň ýaragly toparlardan azat edilip, kanuna esaslanýan döwlet guramak baradaky arzuw hyýalynyň hakykata öwrülip bilinjekdigine ilkinji gezek umyt döredendigini aýtdy.
Hökümetiň “Hakomitna” platformasy arkaly halka ýüzlenip çykyş eden Dibeýbe, geçen hepde Tripolide bolan çaknyşyklar hakynda durup geçdi.
Dibeýbe, hökümetiň wezipesine başlan döwründe söweşijileriň döwletden has güýçli bolandygyny emma muňa garamazdan Ghanaýwaýa guralan operasiýada howpsuzlyk güýçleriniň wezipesini üstünliki ýagdaýda tamamlandygyny belledi.
Dibeýbe “Ghanaýwa, 6 etraba gözegçilik edýärdi. Özlerine garşy durýanlary tussag edýärdi ýada öldürýärdi” diýdi.
Premýer-ministr Dibeýbe, Durnuklylygy goramak gullugynyň gözegçiligi astynda bolan Abu Salim etrapçasynyň ýaşaýjylaryna ýakyndan goldaw berjekdiklerini aýtdy.
Halkara Jenaýat kazyýetiniň, jynsy zorlama bilen birlikde agyr jenaýatlar bilen günäkärlenýän söweşijileriň lideri Osama Nažim hakynda taýarlan habarnamasy barada hem durup geçen Premýer-ministr Dibeýbe “Biz onuň ýaly jenaýatçynyň aramyzda galmagyna ýol bermeris” diýdi.
Premýer-ministr Dibeýbe ähli söweşijilere para-peşgeşden we korrupsiýadan ýüz öwürip, döwlet edaralaryna goşulmaklary barada çagyryş berdi.
Tripolidäki çaknyşyklar
Tripolide duşenbe güni Durnuklulygy goramak edarasynyň ýolbaşçysy Abdulgani Al Kikliniň aradan çykmagyndan soň çaknyşyklar başlady. Al Kikliniň aradan çykmagyndan gysga wagt soň hökümet, Goranmak ministrligine degişli 444-nji toparyň, Tripoliniň Abu Salim etrapçasynda ýerleşýän Durnuklylygy goramak edarasynyň merkezini ele geçirendigini we sebitde gözegçiligiň ýola goýlandygyny mälim etdi.
Dibeýbe 13-nji maýda beren beýannamasynda, paýtagtda başdan geçirlen wakalarda gözegçiligiň ýola goýulmagynda uly rol oýnan howpsuzlyk güýçlerini gutlady.
14-nji maýda ir ertir paýtagtdaky söweşiji toparlardan biri hökmünde kabul edilýän Rada bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.
Goranmak ministrligi şol gün beren beýannamasynda asuda ilaty goramak üçin Tripolidäki ähli çaknyşyk zolaklarynda atyşygyň bes edilendigini yglan etdi.
Tripoli şäher häkimliginden berlen beýannamada çaknyşyklarda 6 adamyň ýogalandygy, 70 adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.