DÜNÝÄ
2 minut okamak
“Bigünä adamlary nyşana alýarlar”: Ysraýylyň Gazadaky hüjüminde göwreli zenan we çaga ýogaldy
Palestinanyň gabaw astyndaky Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan berilen maglumata görä, Ysraýylyň Gazada hüjümlerini garaşylmadyk ýagdaýda başlatmagy netijesinde, aglabasy zenanlardan we çagalardan ybarat 400-den gowrak palestinaly ýogaldy
“Bigünä adamlary nyşana alýarlar”: Ysraýylyň Gazadaky hüjüminde göwreli zenan we çaga ýogaldy
Gaza / TRT Global
March 20, 2025

Gazadan Afnan al-Ghanam, 13 aý mundan ozal, uruş döwründe ilkinji çagasy boldy, şol wagt maşgalasy heniz öz öýünde ýaşaýardy.

Bu ýaz aýlarynda ýaňadandan çaga dogurmaga taýýarlyk görýärdi. Emma bu gezek erbet şertleriň astyndaky çadyr düşelgede ýaşaýardy. Emma azyndan wagtlaýyn gowşak bir ýaraşyk maşgalalara belli bir rahatlyk getiripdi.

Soň bolsa sişenbe güni Ysraýylyň howa hüjümlerinde maşgalanyň galýan çadyr nyşana alyndy. Ýedi aýlyk göwreli bolan Ghanam we kiçi ogly Muhammed hem ýogaldy.  

Afnan al-Ghanamyň ýoldaşy Alaa Abu Helal, Nasser hassahanasynyň morgunda ýogalan ogly Muhammediň kiçijek jesedini elinde tutan mahaly, aglap: “Bu olaryň nyşanalary. Ol uruş döwründe kyn şertlerde doguldy we uruşda şehit boldy. Olaryň nyşanalary bigünäler, päk adamlar. Olar heniz durmuşy görüp ýetişmediler” diýdi.   

Ysraýylyň howa hüjümleri ýanwar aýynyň ortasynda başlan ýaraşyk ylalaşygyny bozdy we netijede 15 aýlyk bombaly hüjümlerden, gury ýer hüjümlerinden, harabalyklardan we açlykdan soň gündelik durmuşlaryny ýaňadandan dikeltmäge synanyşýan palestinalylary geň galdyrdy.

Ysraýyl, Hamasyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda günorta Ysraýyldaky hüjüminden soň, Gazada genosid kampaniýasyna başlady.

Abu Helal hüjüm guralan mahaly Gazanyň iň günortasyndaky Rafah şäherinde ýerleşýän öýlerini barlamaga gidendigini aýtdy. Maşgalanyň Muwaside, Han Ýunusyň daşynda ýaşaýan ýerlerinden göçürilen maşgalar üçin gurulan ägirt uly çadyr düşelgede ýaşaýan çadyra hüjüm guralypdy.

20 ýaşyndaky al-Ghanam we Muhammed, Muwaside galýardy. Abu Helal: “Meni ýalňyz goýup gitdiler, eneden dogulmadyk çagam hem ýogaldy” diýdi.

Muhammed Rafahda dogulypdy. Maşgala gysga wagt soň maý aýynda Ysraýylyň harby birikmeleriniň şäherden çykmak barada buýruk bermeginden we hüjüme geçmeginden soň şäherden gaçmaga mejbur galypdy. Ysraýylyň harby güýçleri bilen Hamasyň söweşijileirniň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli şäher ýer bilen ýegsan bolupdy.

Abu Helal: “Uruş döwründe maşgalaňy we çagalaryňy goramak üçin gaçýarsyň. Emma ine şu ýerde ol ýogaldy. Ählisi ýogaldy” diýdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us