TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýe Indoneziýa 48 sany ýerli KAAN harby uçaryny eksport eder
Prezident Erdogan rekord eksport şertnamasyny baglaşan Türkiýäniň Goranyş senagaty edarasyny we TUSAŞ-y gutlady.
Türkiýe Indoneziýa 48 sany ýerli KAAN harby uçaryny eksport eder
11 июня 2025 г.

Prezident R. T. Erdogan Türkiýäniň goranyş senagaty pudagynda uly öňe gidişlik edendigini we Indoneziýa Türkiýede öndürlen 48 sany ýerli KAAN harby uçarynyň eksport ediljekdigini aýtdy.

Prezident Erdogan X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, bu wakany “uly ösüş we öňe gidişlik” hökmünde häsiýetlendirdi we Indoneziýa bilen baglaşylan şertnamanyň çäginde uçarlaryň Türkiýede öndüriljekdigini aýan etdi.

Şertnama şeýle-de uçarlaryň önümçilik etabyna Indoneziýaly ýerli firmalaryň degişli edilmegini hem öz içine alýar.

Prezident Erdogan “Ýerli we milli goranyş senagatymyzyň gazanan üstünligini we eden öňe gidişligini açyk aýdyň görkezýän bu şertnamanyň Türkiýe we Indoneziýa üçin düşümli bolmagyny dileýärin” diýdi.

“Rekord eksport şertnamasy”

Prezident Erdogan şertnamanyň baglaşylmagynda uly rol oýnan Indoneziýanyň Prezidenti Prabowo Subianto minnetdarlyk bildirdi.

Erdogan, şeýle hem taryhy şertnamanyň baglaşylmagynda uly rol oýnan Türkiýäniň Goranyş senagaty edarasyny we TUSAŞ-y gutlady.

Hökümetiniň pudaga goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Erdogan, “Goranyş senagatymyzyň has-da güýçlenmegini üpjün etmek üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis”diýip belledi.

KAAN uçary bäşinji nesil uçarlarynyň hataryna girýär. İki sany hereketlendirijisi bar we her biri 13 müň kilogram itergi güýjüni üpjün edýär we uçaryň tizligi Majh 1.8 çenli ýetirmäge mümkinçilik berýär.

TUSAŞ emeli intellekt, ösen sensor ulgamlary we uçarmansyz uçuş enjamlary bilen bilelikde işläp biljek altynjy nesil modeliň üstünde işleýär.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us