TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türkiyäniň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçmek maksady bilen Azerbaýjana sapar guraýar
Prezident Erdogan Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçmek, Türkiye-Azerbaýjan-Pakistan üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak we Laçyn halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjana sapar guraýar.
Türkiyäniň Prezidenti Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçmek maksady bilen Azerbaýjana sapar guraýar
May 28, 2025

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Azerbaýjanyň Laçyn şäherine Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabaralara gatnaşmak maksady bilen sapar guraýar.

Erdoganyň çarşenbe güni Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşyk geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ele alyp sebitleýin we global meseleler barada pikir alyşmagyna garaşylýar.

Mundan başgada Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerifiň hem gatnaşjak II Türkiye-Azerbaýjan-Pakistan üçtaraplaýyn sammite gatnaşar.

Prezident Erdogan saparyň çäginde Laçyn halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna we Garaşsyzlyk güni bilen bagly dabaralara gatnaşar.

Erdogana saparyň çäginde käbir ministrler, ýokary derejeli geňeşçiler we hökümediň başyndaky partiýanyň agzalary ýoldaşlyk eder.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us