ABC-niň berýän habaryna görä, Awstraliýa Ukraina, Russiýany yzyna serpikdirmek üçin Abrams tanklaryny berjekdigini aýtdy.
Ýekşenbe güni Rimde Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiý bilen duşuşan Awstraliýanyň Premýer-ministri Entoni Albanese, ýurdunyň Russiýa garşy basyş edilmegi üçin elinden geleni edýändigini aýtdy.
ABC-niň şu gün beren habaryna görä, Albaneseniň ýolbaşçylygyndaky hökümet geçen ýyl köne birnäçe tanky Ukraina berjekdigini mälim edipdi. Emma ABŞ-nyň käbir bökdençlikleri sebäpli tanklar Ukraina gowşurylmady.
Tanklaryň deňiz ýolagçylygy arkaly söweş meýdanyna tarap ugradylandygyna garamazdan amerikaly resmileri Awstraliýanyň Ukraina tank kömeginiň berilmegi baradaky kararyna nägilelik bildirýär.
Amerikaly resmi ABC-ä beren beýannamasynda “Geçen ýyl Donald Tramp prezidentlige saýlanmazdan öň Awstrailiýanyň Ukraina Abrams tanklaryny bermeginiň çylşyrymly boljakdygyny we tanklar söweş meýdanyna ýetenden soň, ukrainalylar üçin tanklary saklamagyň kyn boljakdygy barada duýduryş beripdik” diýdi.
“Russiýa basyş etmek”
Awstraliýa Ukraina 962 million dollarlyk kömek berdi.
Albanese tanklaryň gowşuryljak wagty hakynda giňişleýin maglumat bermekden gaça durdu we munyň Ukrainanyň söweş tagallalaryna zeper ýetirip biljekdigini öňe sürdi.
Zelenskiý tanklar üçin Albanese minnetdarlyk bildirdi we Awstraliýanyň rus hüjümlerine garşy Ukraina berýän goldawlary barada öwgüli sözler aýtdy.
Ukraina goldaw berýän Awstraliýa russiýaly 1400 adam bilen gurama sanksiýa goýdy.
Awstraliýanyň Premýer-ministri Albanese, ýurdunyň Russiýa basyş edilmegi üçin elinden geleni etjekdigini belledi.