Türkiýe, Ýewropa Parlamentiniň 2023-2024-nji ýyllar baradaky Türkiýe habarnamasyny berk ýazgaryp, habarnamany “esaslandyrylmadyk günäkärlemeler bilen doldurlan, hakykata laýyk gelmeýän resminama” hökmünde häsiýetlendirdi.
Daşary işler ministrligi çarşenbe güni beren beýannamasynda, ÝP-nyň Baş Assambleýasynda kabul edilen habarnamany berk ýazgardy.
Habarnamanyň “Terror guramalaryna we Türkiýä garşy durýan käbir toparlara propaganda mümkinçiligini hödürleýän” guramanyň hakykata laýyk gelmeýän tutumyny açyk aýdyň görkezýändigi nygtaldy.
Beýannamada, “Habarnamada ýer alýan ýurdumyzyň syýasy dinamikasyna, alyp barýan daşary syýasatyna we Jenap Prezidentimiziň DKTR-na guran saparyna garşy bolan asylsyz garaýyşlary red edýäris”diýildi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, esasan uzak ýyllardan bäri dowam edýän Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk etabynda deňagramly tutumyň alnyp barylmagy üçin çagyryş berildi.
Beýannamada “Gelejekde ÝB-ne agzalyk etabymyz bilen birlikde ÝB bilen edýän gatnaşyklarymyzyň özara bähbide laýyklykda dowam etdirilmegi üçin Ýewropa Parlamentiniň öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmegine garaşýarys” diýildi.