SYÝASAT
1 minut okamak
Tramp: Gaza ylalaşygy "indiki hepdäniň içinde" baglaşylyp bilner
Ysraýyl, ýaraşyk gazanylsa-da, gabaw astyndaky Palestina sebitiniň käbir böleginde harby güýç saklamagy meýilleşdirýändigini aýtdy.
Tramp: Gaza ylalaşygy "indiki hepdäniň içinde" baglaşylyp bilner
4 hours ago

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda ýakyn wagtda Gazada ýaraşyk şertnamasynyň baglaşylmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Duşenbe güni Merilentdäki Endrýu umumy bazada metbugat işgärlerine beýanat beren Tramp: “Gaza bilen bagly gepleşiklerimiz dowam edýär we bu meseläni indiki hepdäniň dowamynda çözeris diýip umyt edýäris” diýdi.

Tramp ozal Kataryň we Müsüriň Hamasa beren teklibinden soň Ysraýylyň Gazada 60 günlük ýaraşyk şertlerini kabul edendigini mälim edipdi.

Hamas bu teklibe oňyn jogap berdi we ýaraşyk şertnamasy we tussaglylaryň çalşygy barada gepleşikler geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Ysraýyl Hamasyň Katar teklibine girizen üýtgeşmeleriniň kabul ederliksizdigini öňe sürsede, wekiliýet gepleşikler üçin Doha gitdi.

Dohada geçirilen gepleşiklerde 60 günlük wagtlaýyn ýaraşygyň, 10 diri we 18 sany öli ysraýylly tussaglynyň boşadylmagy we hemişelik ýaraşyk barada gepleşikler geçirildi.

Ençeme mesele çözülen hem bolsa, esasy mesele Ysraýylyň Gazanyň töweregindäki bufer zonasyna gözegçiligi dowam etdirmegi boldy.

Ýaraşyk ýola goýlan hem bolsa Ysraýyl palestinalylary beýleki ýurtlara deportasiýa etmek maksadynyň bir bölegi hökmünde Rafahdaky harby barlygyny dowam etdirjekdigini we “konslager” gurmaga dowam etmek bilen bagly meýilnamalarynyň bardygyny belledi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us