Polýaklar täze prezidentini saýlamak üçin saýlaw geçirýär. Saýlaw goňşy ýurt Ukrainada dowam edýän söweş we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp döwründe ABŞ-nyň Ýewropanyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine goldaw berip bermejekdigi baradaky aladalaryň täsiri astynda geçirilýär.
Saýlawda biri Premýer-ministr Donald Tuskyň ýarany bolan liberal Warşawanyň şäher häkimi Rafal Trzaskowskiý bilen syýasy tejribesi bolmadyk milli konserwatiw Kanun we adalat partiýasy tarapyndan goldanýan taryhçy Karol Nawroski bäsleşýär.
Geçirlen soňky sowalnamalar Rafal Trzaskowskiniň 30 göterim ses bilen öňde barýandygyny, Nawroskiniň bolsa 20 göterim ses alandygyny görkezýär.
İki dalaşgäriň arasynda 1-nji iýunda saýlawyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegine garaşylýar.
Saýlaw şol bir wagtda aşa sag ýaly beýleki toparlaryň güýjüni synagdan geçirýär.
Populistik MAGA ykdysady syýasatlary we ÝB-ne garşy alyp barýan garşy tutumy bilen ýakyndan tanalýan aşa sagçy Slawomir Mentzen bolsa sowalnamalarda üçinji orunda durýar.
Prezident saýlawynda jemi 13 dalaşgäriň bäsleşýändigi bellenildi.
Dalaşgärleriň sanynyň şeýle köp bolmagy we saýlawda üstünlik gazanmak üçin 50 göterimlik saýlaw çäklendirmesiniň bolmagy sebäpli, prezident saýlawynyň ikinji tapgyrynyň geçirilmegine garaşylýar.
Ýerli wagt bilen sagat 7.00-da başlan saýlaw, sagat 21.00-a çenli dowam eder.
Saýlawyň netijesiniň duşenbe güni ýada sişenbe güni belli bolmagyna garaşylýar.