Tramp, ABŞ-nyň Eýran bilen ylalaşyk gazanmaga synanyşýandygy baradaky habarlary ret edip, gepleşik etabynyň ýokdugyny aýdýar we ABŞ-nyň Eýranyň ýadro infrastrukturasyny düýbünden ýok edendigini baradaky habaralary tassyklaýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, Eýran bilen dowam edýän gepleşikleriň bardygy baradaky habarlary ret edip, hökümetiň Tähran bilen gepleşikler geçirmeýändigini we hiç hili kömek teklibini hödürlemändigini habar berdi.
Duşenbe güni metbugat işgärlerine beýanat beren Tramp, Eýranyň ýadro mümkinçilikleri bilen bagly baha bermelere ters gelýän beýannama bilen ABŞ-nyň Eýranyň ýadro desgalaryny dolulygyna ýok edendigini öňe sürdi.
Berk çemeleşmesinden ýüz öwürmeýän Tramp: “Men Eýran bilen gepleşikler geçiremok. Olara hiç zat hödürlemeýäris” diýip belledi.
Onuň bu beýanaty, habar beriş serişdeleriniň onuň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň Eýrana raýat ýadro energiýasy maksatnamasyny goldamak üçin 30 milliard dollara çenli kömek bermek pikirini gizlin ýagdaýda öňe sürendigi baradaky habarlaryndan birnäçe gün soň berildi. Bu teklip, Trampyň jemgyýetçilikde "maksimum basyş" syýasaty baradaky çykyşlary bilen gapma-garşy bolup görünýär.
Anna güni Tramp bu habarlary “galp habarlar” hökmünde häsýetlendirip, olary ret etdi. Şol habarlara görä dartgynlygy azaltmak bilen bagly gizlin tagallalaryň çäginde, Trampyň ýolbaşçylyk etmegindäki hökümetiň käbir agzalary, Eýrana parahatçylykly ýadro energiýa başlangyçlary üçin, maliýe taýdan kömek bermek ýa-da tehniki goldaw bilen üpjün etmek saýlamlaryny gözden geçiripdir.