SYÝASAT
2 minut okamak
Siriýanyň Prezidenti Antalýa diplomatiýa forumynda ýurdunyň özygtyýarlygyna sarpa goýulmagyny isledi
Siriýanyň Prezidenti, Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşynda, ýurdunyň özygtyýarlygyna sarpa goýulmagyny isledi.
Siriýanyň Prezidenti Antalýa diplomatiýa forumynda ýurdunyň özygtyýarlygyna sarpa goýulmagyny isledi
April 13, 2025

Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşan Ahmed Al Şara, Siriýanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Siriýanyň Prezidenti Ahmed Al Şara, çaknyşyklaryň bes edilmeginde, sebitara we halkara durnuklylygyň höweslendirilmeginde diplomatiýanyň uly rol oýanaýandygyny nygtady. Şara Türkiýäniň günortasynda ýerleşýän Antalýa şäherinde şu ýyl 4-nji gezek geçirilýän diplomatiýa forumynda eden çykyşynda diplomatiýa ünsi çekdi. Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA-da berlen habarda, Şara, Siriýanyň foruma gatnaşmagy, “Siriýa Arap Respublikasynyň, düşnüşmezlikleriň çözülmeginde, sebitimizde we dünýäde parahatçyylygyň we durnuklylygyň güýçlendirilmeginde dialoga we diplomatiýa uly ähmiýet berýändigini görkezýär” diýdi. Şara, forumy halkara liderler we ýolbaşçylar bilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda pikir alyşmak üçin “ýerlikli pursat” hökmünde häsiýetlendirdi. Ysraýylyň Siriýa guraýan hüjümlerine ünsi çeken Şara, Siriýa Arap Respublikasynyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine sarpa goýulmagynyň möhümdigini belledi. Ysraýylyň Siriýa garşy guraýan hüjümleriniň üstünde durup geçen Prezident Şara, 2024-nji ýylyň dekabr aýynda Başar Asadyň agdarylmagyndan soň bu wezipä bellenendigini we şol günden bäri Ysraýylyň Siriýa garşy birnäçe hüjüm gurandygyny belledi. Ysraýyl mundan başgada basyp alyşlyk astyndaky Golan depeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek bahanasy bilen Siriýada BMG-nyň gözegçiligi astynda bolan araçäk sebiti ele geçirdi. Soňky aýlarda Ysraýyl Siriýa her gün diýen ýaly howa hüjümini guramaga başlady we şol hüjümler Siriýadaky harby merkezlere, ýarag ammarlaryna we infstruktura uly zeper ýetirýär we adam pidalaryna sebäp bolýar. Ysraýyl, 1967-nji ýyldan bäri Siriýanyň Golan depeleriniň esasy bölegine gözegçilik edýär. Siriýanyň Prezidenti Şara içgin myhmansöýerligi we gyzyklanmasy üçin Prezident R. T. Erdogana minnetdarlyk bildirdi. “Bölünen dünýäde diplomatiýa goldaw bermek” temasy bilen geçirilýän Antalýa diplomatiýa forumy anna güni öz işine başlady we 3 gün dowam eder.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us