DÜNÝÄ
3 minut okamak
Air Air Indianyň Londona barýan uçary heläkçilige uçrady 242 ýolagçydan halas bolan ýok
Ahmedabatdaky Sardar Wallabhbhai Patel halkara aeroportyndan Londonyň Gatwik howa menziline uçan Air India howaýollarynyň AI171 gatnaw belgili uçary Ahmetabat şäherinde lukmanlaryň bolýan binasyna kakdy. Heläkçilikde 100 adamyň jesedi tapyldy.
Air Air Indianyň Londona barýan uçary  heläkçilige uçrady 242 ýolagçydan halas bolan ýok
Air Air Indianyň Londona barýan uçary heläkçilige uçrady 242 ýolagçydan halas bolan ýok / Public domain
June 12, 2025

“News18-iň” habar bermegine görä Air India howaýollaryna degişli uçarda 242 ýolagçynyň  bardy we uçar Hindistanyň günbatar Gujarat welaýatynyň merkezi Ahmedabatda heläkçilige uçrady.

Habarda beýan edilmegine görä, AI171 gatnaw belgili uçar Ahmedabatdan Londonyň Gatwik howa menziline tarap uçmagyndan gysga wagt soň heläkçilige uçrady.

Polis gullugy uçaryň Ahmedabatdaky Sardar Wallabhbhai Patel adyndaky halkara aeroportyndan uçanyndan gysga wagt soň, lukmanlar üçin niýetlenen bir ýaşaýyş jaýyna kakyp, heläkçilige uçrandygyny habar berdi.

Air India kompaniýasy pida bolanlaryň 169 sanysynyň hindi raýaty, 53 sanysynyyň britan, 7 sanysynyň portugaliýaly, 1 sanysynyň kanadalydygy habar berdi. Şeýle hem uçarda 2 uçarman we 10 adamdan ybarat ekipaž bardy.

Air India kompaniýasynyň ýolbaşçysy N. Çandrasekaran heläkçilik sebäpli "çuňňur gynanç" bildirip, "Esasy maksadymyz zyýan çeken adamlaryň ählisine we olaryň maşgalalaryna goldaw bermek" diýdi. "Biz heläkçiligiň bolan ýerindäki adatdan daşary ýagdaý toparlaryna gerek bolan ähli zerur goldawy bermek üçin elimizden geleni edýäris" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bar bolan ilkinjimaglumatlara görä uçaryň şäheriň Meghani Nagar etrabynyň golaýynda ýere gaçandygy aýdylýar. Sosial mediada ýaýran wideo şekillerde heläkçiligiň bolan ýerinden goýy tüssäniň göterilendigi görünýär.

Uçar ýerli wagt bilen 1:38-de uçup, 1:40-da howa menziliniň golaýyndaky binalardan biriniň üstüne gaçdy. Gatwik howa menziliniň resmileri uçaryň Londona ýerli wagt bilen 6:25-de gonmagyna garaşylýandygyny beýan etdiler.

Resmiler halas ediş işlerini başladylar we adatdan daşary ýagdaý gullugy gysga wagtda heläkçiligin bolan ýerine bardy. Maglumatlar çäklendirilen hem bolsa, çeşmeler uçaryň bortunda ýolagçylaryň we ekipažyň agzalarynyň bardygyny tassyklaýarlar. Raýat awiasiýasynyň Baş Direktoratynyň (DGCA) resmileriniň heläkçiligiň sebäplerini jikme-jik derňemegine garaşylýar.

Wakanyň bolan mahalynda howa menziliniň golaýyndaky raýatlar uçaryň ýere gaçmazdan ozal güýçli partlama sesini eşidendiklerini habar berdiler. Gujaratyň hökümeti bu hadysadan zyýan çekenlere gyssagly kömegiň we goldawyň beriljekdigini aýtdy.

Hindistan Premýer-ministri Narendra Modi sosial media platformasy X arkaly beren habarnamasynda wakanyň özüni çuňňur gynandyrandygyny nygtap, şeýle diýip ýazdy: "Ahmedabaddaky betbagtçylyk ählimize agyr zarba urdy we çuňňur gynandyrdy. Bu elhenç waka söz bilen beýan edip bolmajak derejede gynançly. Şu agyr pursatlarda zyýan çekenleriň ählisine degişli goldaw beriler. Degişli ministrler we jogapkär ýolbaşçylar bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýaryn."

“Ahmedabaddaky Air India uçarynyň Londona uçuşy bilen bagly hadysany eşidip, gaty geň galdym. Hemme ýolagçylar we ekipaž üçin doga edýärin” diýip, ozalky kriketçi we Hindistanyň parlamentiniň agzasy Ýusuf Pathan X platformasynda ýazdy.

Britaniýanyň Premyer-ministri Keir Starmer hem waka zerarly duýgudaşlyk bildirdi. Starner: “Bu iňňän gynandyryjy pursatda oý-pikirim ähli ejir çekenler ve olaryň hossarlary bilen bilelikde” diýip, öz düşüncelerini beýan etdi.

Air India kompaniýasy uçarda 169 sany hindi raýatynyň, 53 sany britanyň, 7 sany portugaliýalynyň, 1 sany kanadalynyň, 2 uçarmanyň we 10 adamdan ybarat ekipažyň bardygyny mälim etdi.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us