Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Russiýanyň, Ukrainanyň we ABŞ-nyň lideriniň gatnaşmagynda möhüm duşuşygyň geçirilmegini teklip edendiklerini we Stambuly parahatçylyk merkezine öwürmek isleýändigini aýtdy.
Duşenbe güni Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama beren Erdogan “Russiýanyň Prezidenti Putin bilen Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň Stambulda ýada Ankarada duşuşmagyny isleýärin” diýdi.
Russiýaly we ukrainaly wekiliýetleriň Stambulda gepleşikleriň ikinji tapgyryny geçirýän pursatlarynda metbugata beýannama beren Erdogan, Trampyň hem şol duşuşyga gatnaşmagyny isleýändigini nygtady.
Prezident Erdogan, Türkiýede geçiriljek liderler duşuşygyna özüniň hem gatnaşjakdygyny we Stambulyň parahatçylyk merkezine öwrülmegini isleýändigini belledi.
Erdogan, ýekşenbe güni we Ukrainanyň 162 dron bilen Russiýa guran howa hüjümlerine garamazdan duşenbe güni geçirlen gepleşikleriň ikinji tapgyryny “möhüm üstünlik” hökmünde häsiýetlendirdi.
Ukraina tarapyndan guralan howa hüjüminde ýadro ýaragyny götermek mümkinçiligine eýe bolan A-50, Tu-95 we Tu-22 M3 agyr bombardyman uçarlary bilen birlikde 40-den gowrak rus harby uçary nyşana alnypdy.
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar
Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Prezident Erdogan, “Siriýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň ýola goýuljakdygyna ynanýaryn. Siriýanyň durnuklylygy sebitdäki ähli ýurtlar taýdan diýseň möhüm” diýdi.
Erdogan, Ýewropa ýurtlaryň Siriýa goýan sanksiýalarynyň bes edilmegi baradaky kararyna kanagatlanma bildirdi.
Prezident Erdogan, türk firmasy AŽetiň Siriýa uçar saparlaryny gurajakdygyny we Siriýanyň howa ýollarynyň hem ýakynda Türkiýä uçar saparlaryny guramaga başlajakdygyny mälim etdi.