DÜNÝÄ
1 minut okamak
Eýranyň dini lideri Ysraýyla garşy ýeňiş gazanylandygyny öňe sürdi
Eýranyň dini lideri Ali hamaneý ýaraşykdan soň halk köpçüligine beren ilkinji beýanatynda, Eýranyň ýadro desgalaryna garşy guran hüjümleri sebäpli ABŞ-ny ýazgardy.
Eýranyň dini lideri Ysraýyla garşy ýeňiş gazanylandygyny öňe sürdi
il y a 5 heures

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý penşenbe güni ABŞ-nyň Ysraýyl-Eýran çaknyşygyny bes etmek üçin ýaraşyk yglan edenden soň ilkinji gezek çykyş etdi.

Eýranyň dini lideri Ysraýyla garşy ýeňiş gazanylandygyny aýtdy.

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý: “Bu bulam-bujarlyga we bu aýdylanlaryň hemmesine garamazdan, sionist režiminiň Yslam respublikasynyň zarbasy astynda çökdi diýen ýaly we ezildi. Galp sionist režimine garşy gazanylan ýeňiş bilen gutlaýaryn” diýdi.

Asla boýun bolmaz

Mundan başgada Eýranyň ABŞ-a “hiç haçan boýun egmejekdigini” we ABŞ-nyň Ysraýyl bilen çaknyşyk wagtynda eden hüjümlerinden “hiç zat gazanyp bilmändigini” aýtdy.

Hamaneý Waşington barada: "Bu uruşdan hiç zat gazanyp bilmedi we Yslam respublikasy ýeňiş gazandy we ar almak üçin Amerika agyr zarba saldy we Tramp hakykaty gizlemäge synanyşýar" diýip belledi.

Hamaneý telewideniýe kanalynda eden çykyşynda "Amerikanyň prezidenti Eýranyň boýun egmelidigini aýtdy. Býun egmek. Bu mesele indi baýlaşdyrmak ýa-da ýadro senagaty däl, eýsem Eýranyň boýun egmegi. Bular ýaly zat hiç wagt bolmaz. Hiç wagt bolmaz" diýdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us