DÜNÝÄ
1 minut okamak
Kanada ABŞ bilen söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp gepleşiklere täzeden başlamak boýunça ylalaşyk gazandy.
Kanada ABŞ bilen söwda gepleşiklerine täzeden başlaýar
8 hours ago

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karneý, ABŞ-nyň tehnalogiýa firmalaryna goýan salgyt meýilnamasyny ýatyrmagyndan soň söwda gepleşikleriniň täzeden başlajakdygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanadanyň tehnalogiýa firmalaryna goýan salgyt meýilnamasyny dowam etdirmek meýilnamasy barada anna güni beren beýannamasynda, meýilnamany “ýurdumyza abanýan açyk hüjüm” hökmünde häsiýetlendiripdi we söwda gepleşiklerinin saklanandygyny mälim edipdi.

Söwda şertnamasynyň baglaşylmagyna garaşylýandygyny mälim eden Kanadanyň hökümeti “Kanadanyň Sanly hyzmatlar salgydyny bes etjekdigini” aýan etdi.

Kanadanyň hökümeti tarapyndan berlen beýannamada, Karneý bilen Trampyň gepleşikleriň täzeden başlamagy boýunça ylalaşyk gazanandygyny mälim etdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, anna güni sosial medila arkaly beren habarnamasynda, Kanadanyň ABŞ-na sanly hyzmatlar salgydyny girizmek meýilnamasyny dowam etdirjekdigini mälim edipdi

Şol salgydyň Kanadada onlaýyn ulanyjylar bilen işleýän ýerli we daşary ýurtly kärhanalara goýulmagy maksat edinilýärdi.

Salgydyň duşenbe güni güýje girmegine garaşylýardy.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us