Dünýä
1 minut okamak
Pakistanda harby baza kamikaze hüjümi guraldy
Pakistanda harby baza garşy guralan kamikaze hüjüminde 9 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.
Pakistanda harby baza kamikaze hüjümi guraldy
Pakistan
5 مارچ 2025

Howpsuzlyk resmisi iki kamikaze hüjümçisiniň harby bazanyň diwarynyň golaýynda özlerini partladandyklaryny habar berdi.

Kamikaze hüjümçileri Pakistanyň demirgazyk-günbataryndaky harby bazalaryň birinde diwardan geçmek üçin iki kazmikaze hüjümini gurady we beýleki hüjümçiler baza girmäge synanyşdy. Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy, 25 adam ýaralandy.

Pakistan Talibany guramasy bilen arabaglanşykly bir topar ýurduň Haýber-Pahtunhwa welaýatynyň Bannu şäherindäki hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we Pakistanyň ençeme howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny mälim etdi.

Pakistanyň harby resmileri hiç hili adam ýitgisini tassyklamady, emma Bannu şäheriniň Sebitleýin hassahanasy azyndan 9 adamyň ýogalandygyny aýan etdi.

Iki aýry partlamadan soň tüsse ýokary galdy we polisiýa işgäri Zahid Khanyň aýtmagyna görä ýarag sesleri eşdilmäge başlandy. Hassahananyň resmileri ýogalanlaryň 4-si çagalardan ybaratdygyny beýan etdiler. Ýogalanlar partlamanyň golaýynda ýaşaýardy.

Hüjüm adamlaryň musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynda agyzlaryny açmak üçin taýýarlyk gören mahallary guraldy.

Terrorçylar Bannu şäheriniň ozal hem birnäçe gezek nyşana alyp hüjüm gurapdylar. Geçen ýylyň noýabr aýynda bir kazmikaze hüjümçisi bir howpsuzlyk nokadynda 12 esgeri öldüripdi we birnäçe adamy ýaralapdy.

Iýul aýynda bolsa bir kamikaze hüjümçisi partlaýjy ýüklenen ulagy partladypdy we beýleki terrorçylar bolsa harby desganyň golaýyna hüjüm edipdiler.  

GÖZBAŞY:TTR Global
TRT Global'ı göz atın. Geri bildirimlerinizi paylaşın!
Contact us