Londonyň gündogaryndaky Sautendäki howa menzilinde kiçi uçar heläkçilige uçrady. Waka sebäpli howa menzili wagtlaýyn ýapyldy.
Sautend-deňiz howa menzilinde başdan geçirilen heläkçiligiň wideo ýazgylarynda 12 metr uzynlygyndaky uçaryň ýanandygyny we gara tüssäniň çykýandygy görüldi.
Esseks Polisiýa gullugy tarapyndan berlen beýanatda: "Biz gyssagly kömek gullugy bilen wakanyň bolan ýerinde iş alyp barýarys we bu birnäçe sagat dowam eder" diýdi. Uçar heläkçiligi "elhenç waka" hökmünde häsiýetlendirildi.
Polisiýa gullugy ýerli wagt bilen sagat 16-00-dan gysga wagt ozal waka barada maglumat alandyklaryny belläp, çäre görüş maksatly sebitdäki glof kluby bilen regbi klubynyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi.
London Sautend howa menzilinden berlen beýanatda ýekşenbe güni öýlän "elhenç waka" bolandygyny tassyklady.
Beýanatda mundan başgada: “Ýerli resmiler bilen ýakyn aragatnaşyk içindediris we mümükin bolan iň gysga wagtda has köp maglumat alyp bileris” diýdi.
Ýekşenbe güni berlen beýanatda howa menziliniň "ikinji duýduryş berilýänçä çenli" ýapylandygy habar berildi.
Beýanatda: “Polisiýa gullugy waka bilen baglanşykly, gyssagly kömek gullugy we howa heläkçiligini derňeýänler bu waka boýunça işlerini dowam etdirýän mahaly howa menziline gonmagy we uçmagy meýilleşdirilen uçar gatnawlarynyň ählisi ýatyryldy” diýildi.
Aragatnaşyk ministri Heidi Aleksandr X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, "pajygaly wakadan" habarlydygyny we bolup geçen wakalara ýakyndan gözegçilik edýändigini aýtdy.
BBC habar gullugynyň habaryna görä, “Beechcraft B200” kysymly uçar uçuşdan gysga wagtyň içinde heläkçilige uçrady.