ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Waşingtonyň Eýranyň ýadro meýilnamasy boýunça geçiren gepleşiklerinde öňe gidişlik edendigini aýtdy we Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda aragatnaşyk saklanmagyndan soň Gazadaky dartgynlygyň gowşamagy üçin edilýän tagallalara ünsi çekdi.
Ýekşenbe güni Nýu-Žerside metbugata beýannama beren Tramp, Eýranly ýolbaşçylar bilen geçirlen soňky gepleşikleri “netijeli” hökmünde häsiýetlendirdi we ýakynda möhüm özgerlişikleriň başdan geçiriljekdigini belledi.
“Eýran meselesinde gowy habarlar alyp bileris”diýen Tramp, “Hakykatdan hem öňe gidişlik edildi, uly öňe gidişlik” diýip belledi.
Žurnalistlerden biriniň Eýran bilen gepleşikleriň dowam edip etmejekdigi hakyndaky soragyna hem jogap beren Tramp, “Ýakynda bolup biler. Ertir nämeleriň boljakdygyny aýdyp bilmerin. Emma Eýran bilen gepleşikleriň netijeli geçendigini aýdyp bilerin. Eýran bilen ylalaşyk gazanylmagyny isleýärin. Sebäbi adam pidasynyň çekilmegini islemeýärin” diýip belledi.
Gazada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Tramp, ABŞ-nyň hem Hamasly hem-de Ysraýylly ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny nygtady.
Çylşyrymly gepleşikler
Eýranyň Daşary işler ministri we Eýranyň adyndan gepleşikleri alyp baryjy Abbas Arakçi gepleşikleriň soňky tapgyryndan soň beren beýannamasynda “Mesleleriň iki ýada üç gepleşikde çözülmegi mümkin däl, sebäbi bu mesele diýseň çylşyrymly” diýipdi.
Omanyň Daşary işler ministri Seýid Bed bin Hamad Al Busaidi, X sosial media platformasyndan beren beýannamasynda, gepleşikleriň bäşinji tapgyrynda käbir öňe gidişlikleriň edilendigini nygtady.
Gepleşikler, Halkara Atom energiýasy gullugynyň iýun aýynda geçiriljek maslahatynyň öňüsyrasynda geçirildi.