DÜNÝÄ
2 minut okamak
Ysraýyl Eýranyň ýadro we harby desgalaryna hüjüm gurady, serkerdeleri öldürdi
Ysraýyl Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakyri bilen Ynkylap Goragçylary goşunynyň lideri Hüseýin Selamini öldürdi.
Ysraýyl Eýranyň ýadro we harby desgalaryna hüjüm gurady, serkerdeleri öldürdi
21 órája

Ysraýyl Eýranyň ýadro we harby desgalaryna hüjüm gurady. Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri paýtagt Tähranda partlama sesleriniň eşidilendigini, Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakyri bilen Ynkylap Goragçylary goşunynyň lideri Hüseýin Selaminiň öldürlendigini habar berdi.

Habarda, “Baş ştabyň başlygy general Muhammed Bakyri şehit edildi” diýildi.

Düýn guralan hüjümlerde öldürlen Bakyri 2016-njy ýyldan bäri Eýranyň harby goşunyny gönükdirýärdi we Tähranyň balisti raketa meýilnamasynyň esasy jogapkärlerinden biridi.

Hüseýin Selami bolsa Eýranyň ýokary derejeli harbylardan biridi we Ynkylap Goragçylary goşunynyň serkerdesi wezipesini ýetirýärdi.

General Gulam Ali Reşid, ýadro bombasy boýunça hünärmen alym Feriddun Abbasy, Muhammed Mehdi we Ahmed Reza Zülfikar hem hüjümde öldürildi.

Habarda, paýtagt Tährandan partlama sesleriniň eşidilendigi we hüjümlerde asuda ilatdan hem birnäçe adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Eýranyň merkezi Ispyhan welaýatynda ýerleşýän ýadro desgalarynyň merkezi hasaplanylýan Natanz şäherinden hem partlama sesleriniň eşidilendigi habar berildi.

Habarda “Ispyhan welaýatyndaky Natanz urany kämilleşdiriş merkezinden hem partlama sesleri eşidildi” diýildi.

Eýranyň Daşary işler ministrligi Ysraýylyň hüjümleriniň halkara hukugyna bap gelmeýändigini beýan edi we hüjümi ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Eýranyň kanunlara laýyklykda hüjüme gaýtawul görkezmek hukugynyň bardygyny mälim etdi.

Eýranyň ýaragly güýçleri bolsa Ysraýylyň hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini we Tel-Awiwiň jerimesini çekjekdigini mälim etdi.

Serhetlerde degişli taýarlyklar görüldi

Ysraýylyň harby goşunyndan berlen beýannamada, “Ysraýylyň Howa güýçleri, Eýrandaky ýadro desgalary bilen birlikde harby merkezleri nyşana almak üçin degişli taýarlyklaryny tamamlady”diýildi.

Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Ysraýylyň eýranly tanymal alymlary nyşana alandygyny we Eýranyň ballistiki raketa meýilnamasyna uly zarba urandygyny öňe sürdi.

Ysraýylyň Baş ştabynyň başlygy Eýal Zamir, Ysraýylyň onmüňlerçe harbyny harby goşunyň hataryna çagyrandygyny mälim etdi.

Zamir “Serhetlerimizde degişli taýarlyklar görüldi. Bize garşy durýanlaryň jerimesini çekjekdigi barada duýdyryş berýärin” diýdi.

ABŞ Eýrana guralan hüjüm bilen arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtaýar

Ysraýylly harby ýolbaşçy, Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryny nyşana alandygyny aýtdy.

Metbugata beýannama beren ýolbaşçy hüjümde harby merkezleriň hem nyşana alynandygyny belledi.

Ysraýylyň Goranmak ministri Katz, Ysraýylyň harby goşunynyň Eýrana hüjüm gurandygyny, şol bir wagdta Ysraýylda adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigini aýtdy.

Katz, Ysraýylda adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň yglan edilendigi sebäpli şu gün ýurduň çar tarapyndan mekdepleriň ýapyk boljakdygyny aýan etdi.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Ysraýylyň Eýrana guran öňüni alyjy hüjümlerinden soň ýakyn wagtda Ysraýyl Döwletine we asuda ilata garşy raketa hüjümleriniň guralmagyna garaşylýar” diýildi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, Ysraýylyň bir taraply ýagdaýda hereket edendigini aýtdy.

Rubio “Ysraýyl bir taraply ýagdaýda hereket etdi. Biziň hüjüm bilen arabaglanşygymyz ýok” diýdi.

Rubio “Eýran ABŞ-nyň bähbitlerini ýada hünärmenlerini nyşana almaly däl” diýip belledi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us