DÜNÝÄ
2 minut okamak
Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
Russiýanyň uçarmansyz howa ulaglary Kiýew bilen birlidke Ukrainanyň tapawutly sebitlerine hüjümler gurady. Ukraianda adam pidalarynyň bardygyny, Russiýa bolsa Ukraina degişli 91 uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini öňe sürdi
Russiýanyň Ukrainada guran hüjümlerinde 4 adam ýogaldy, onlarça adam ýaralandy
4 hours ago

Sebitleýin resmileriň şu gün irden beren beýanatlaryna görä, Russiýanyň Ukrainanyň käbir ýerlerine guran hüjümlerinde azyndan 4 adam ýogaldy we 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Ukrainanyň Döwlet Adatdan daşary ýagdaýlar gullugy duşenbe güni beren beýanatyna görä, ýurduň gündogaryndaky Sumy sebitinde 2 adam, ýurduň günortasyndaky Odessa sebitinde 2 adam bolmak bilen jemi 4 adam ýogaldy. Ýerli gubernatorlygyň habar çeşmeleri günorta Herson sebitinde hem erkek adamyň ýogalandygyny tassykladylar.

Aglabasy ýurduň gündogarynda ýerleşýän Harkow we Dnepropetrowsk sebitlerinde bolmak bilen, hüjümlerde şeýle hem 30-dan gowrak adam ýaralandy.

Kiýewiň şäher häkimi Telgram hasabyndan beren beýanatynda bolsa, ýurduň paýtagty Kiýew şäherinde Russiýa degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň birnäçe ýaşaýyş binasyna hüjüm gurandyklary, emma adam pidalarynyň bolmandygy habar berildi.

Russiýanyň uçarmansyz howa ulaglary bilen bagly beýanaty

Russiýanyň Goranmak ministrligi düýn gije Ukraina degişli 91 sany uçarmansyz howa ulagynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. Uçarmansyz howa ulaglarynyň 8 sanysy Moskwa sebitinde ýere gaçan bolsa, aglabasy Ukraina serhedine ýakyn bolan sebitlerda täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Iň soňky hüjüm tolkuny, Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başaldan basyp alyşlygyndan bäri Ukrainada uçarmansyz howa ulaglary we raketalar ulanyp guran iň uly hüjümini amala aşyrandan birnäçe gün soň boldy. Anna güni rus güýçleri Kiýewi nyşana alyp 530 sany uçarmansyz howa ulagy we onlarça raketa hüjümini amala aşyryp, azyndan iki adamyň ýogalmagyna sebäp boldy.

Iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň artmak bilen birlikde taraplar hem barha agressiw howa hüjümleirni guraýarlar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us