Pikir edip görüň… Haýsydyr bir naharyň ysynyň sizi başga bir döwre, pursada, kimdir birine alyp gidýändigini göz öňüne getiriň.
Naharyň jadyly güýji bar. Diňe bir garnymyz doýurmak däl… Birnäçe ýönekeýje önüm birleşip, şeýle gowy netijeleri ýüze çykarýar. Medeniýetimizi görkezýär, bizi jemleýär, ruhumyzy göterýär.
Nahar, her bir jemgyýetde durmuşyň öwrülşik nokatlaryny bellik edýär-toýlar, ýaslar, baýramçylyklar…
Parahatçylyk ýa-da uruş döwri, tapawudy ýok. Nahar bizi biri-birimize we geçmişimize baglanşdyrýar. Ol esasan-da palestinalylar üçin iňňän möhüm.
Gazada iki milliona golaý palestinaly ýaşaýar. Ol ýerde nahar diňe bir garyn doýurmaklyk däl. Her pursatda howp astynda bolan durmuşyň hamala diýersiňiz soňky galasy…
Bir ýyldan gowrak wagt bäri Ysraýylyň hüjümlerine sezewar bolýan Gazada iki milliona barabar palestinaly agyr açlyk howpuny başdan geçirýär. Her bäş adamdan birine açlyk howpy abanýar. Ysraýylyň harby operasiýalary we mejbury ewakusasiýalar sebäpli çörek bişirilýän ojaklar, azyk merkezleri ýapyldy. Plestinalylaryň esasy bölegi indi daşardan geljek kömege mätäç.
Emma ol, soňky uruşdan has ir başlapdy. Ysraýylyň hökümeti uzak ýyllardan bäri Gazanyň azyk serişdelerini çäklendirip, kesýärdi. Ine şeýle şertlerde palestinalylar medeniýetlerini we däp-dessurlaryny dowam etdirmegiň ýoluny tapdylar: aşhanalary. Geliň bilelikde palestin medeniýetiniň şol esasy ugruna bilelikde ser salalyň:
Ýazyjy Leila Al Haddad Duke uniwersitetindäki söhbetdeşliginde “Palestinalylar medeniýetlerini aşhanalar bilen gorap saklaýarlar” diýýär.
Al Haddadyň “Gaza aşhanasy: Palestina syýahat” atly kitaby bu barasynda ýazylan iň esasy eser. Kitapda 130 resept bar, emma olar diňe bir nahar resepti däl – her biri bir däp-dessur, bir taryh. Gazanyň hoş-boy ysly otly ýahnasy we ýahnalary, ajaýyp souslary, bally datlylary… Bularyň ählisi bu sahypalarda ýaşaýar.
Gaza deňiziň kenarynda ýerleşýän şäher. “Bärde deňiz önümleri köpdür, arzandyr” diýersiň. Emma beýle däl. Heniz uruş başlamanka hem Ysraýylyň gabawy sebäpli balykçylar deňize çykyp bilmeýärdiler. Iň bir halaýan azyklaryndan biri bolan balyga indi saçaklarynda seýrek gabat gelinýär. Emma palestinalylar wagtyň geçmegi bilen her bir kynçylyga bir çäre tapypdyrlar. Ellerindäki bilen kanagat etmegi, täze tagamlary döretmegi öwrenipdirler. Olar üçin nahar şol bir wagtda-da ýaşama sungaty. Geliň size käbir tagamlar hakynda maglumat bereliň:
Gazanyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten iň gadymy naharlaryndan biri “Sumakiýa.” Bu naharyň reseptine ilkinji gezek 1225-nji ýylda jahankeşde Muhammed bin Hasan al Bagdadiniň kitabynda duş gelinýär. Ady Ýakyn Gündogar aşhanasynyň esasy hoşboý ysly otlaryndan biri bolan sumakdan gelip çykýar. Bişirilşi şeýle: Ownuk dogralan guzy eti sogan bilen gaýnadylýar, üstüne gök otlar, sarymsak, tahin, un, zeýtun ýagy we elbetde sumak we burç goşulýar. Ýanynda milli çörek we duzlan bakja önümleri bilen hödürlenýär.
Sumakiýa esasanda gurban baýramynda, gurban eti täze wagty bişirilýär. Palestinalylar bu naharyň bereketlidigine ynanýarlar. Emma gynansagam indi gymmat naharlardan birine öwrüldi. Esasy azyk önümleriniň nyrhy keýigiň şahyna mündi. Ysraýylyň gabawy sebäpli azyk kömekleriniň 83 göterimi Gaza gelmeýär. Mysal üçin: 25 kilogramlyk bir halta unuň bahasy şäheriň günortasynda 150 Amerikan dollary. Demirgazyga geldigiňçe ol müňe çenli ýetýär. Uruşdan öň 12 sany ýumurtganyň bahasy 3,5 Amerikan dollarydy. Indi günortada 32 dollar-ýagny tas on essesi. Demirgazykda şonuň hem iki essesi-73 dollara golaý.
Bu şertlerde palestinalylar yzgiderli häsýetde täze çözgütler tapmaga mejbur. Mysal üçin “Rummaniýa” atly naharlary bar. Göräýmäge “Sumakiýa” meňzeýän ýaly. Ýöne içinde et ýok. Ady arapçada nar manysyny aňladýan sözden gelip çykýar. Düzüminde badamjan we merjimek bar. Ýylam, sowugam iýseň bolýar. Ýanynda umuman “Dagga Gazawiýa” diýilýän ajymtyk sous berilýär.
2008-2009-njy ýyllarda, Ysraýyl täze hüjüme başlanda şertler hasam agyrlaşdy. Bombardyman we gabaw astynda adamlar agyr çökgünlige sezewar boldy. Köp sanly maşgala gyşy geçirmek üçin “hobaýza” atly ösümlige ýöneldi.
Hobaýza, ýygmasy ýeňil bolan ýabany ot. Düzüminde witamin we mineralyň mukdary ýokary. Şol günlerde esasy azyk serişdelerinden birine öwrüldi.
We datlylar… Palestinalylar üçin datly, umytly gelejegi anladýan ýaly. Gazanyň meşhur datlysy “Kunafa Nawulsiýanyň” düzüminde gatlak-gatlak datly hamyr we peýnir bar. Peýniri häzirki wagtda Ysraýyl tarapyndan basylyp alynan Günbatar Şeriadaky Nablus şäherinde gelýär.
Beýleki bir halanýan datlylary bolsa “Kunafa arabiýa.” Ýaga salynan ýarma, üstüne datly sirop we täze iýmişler goşulýar.
Her bir nahar Palestin aşhanasynyň çydamlylygyny we döredijiligini görkezýär. Nahar olar üçin diňe bir garyn doýurmak däl, ýaşaýyş usuly. Aslyna seredilende ol ählimiz üçin şeýle dälmi? “Näme iýýän bolsaň, şolsuň” diýillýärä… Hakykatdandan hem şeýle. Nahar siziň şahsyýetiňizi aňladýar. Tejribelerimizi baýlaşdyrýar, gatnaşyklarymyzy güýçlendirýär we bizi geçmişimize birikdirýär.