Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Gaza meselesine bolan çemeleşmelerini ahlak liderlik taýdan şowsuzlyk hökmünde häsyetlendirip, günbatar ýurtlaryny tanky etdi.
Erdogan çarşenbe güni Wengriýadan gaýdyşyn žurnalistlere beren beýanatynda Gazany diňe bir ynsanperwer betbagtçylyk däl, eýsem dünýäniň ahlak bitewiliginiň synagy hökmünde häsiýetlendirdi.
“Gazada diňe bir gumanitar krizis däl, eýsem halkara ulgamynyň içginligini seljerýän synag bar we günbatar degişli guramalary bu synagdan geçip bilmedi” diýip, Erdogan aýtdy.
Erdogan Ysraýylyň ynsanper kömekleriň Gaza geçirilmegini bilkastlaýyn bökdeýändigini aýdyp, şeýle çemeleşmeleriň Ysraýyly dünýä derejesinde izolirleýändigini we Ýewropanyň garaýyşlarynda özgerlişik döredýändigini nygtady.
Erdogan: “Ýewropa soňunda Ysraýylyň aksiýalaryna göz ýetirýär” diýdi we Gazada ejir çekýänlere göz ýumanlaryň taryhyň öňünde jogap bermeli boljakdygyny nygtady.
Ol Türkiýäniň Gazanyň halkyny goldama borjuny ýene-de bir gezek tassyklap, ýurdunyň ynsanperwerligiň ýanynda durýandygyny we şol pozisiýasyny hiç haçan üýtgetmejekdigini aýtdy.
Siriýa goýlan sanksiýalar we ABŞ-na sapar
Sebitleýin diplomatiýa barada-da durup geçen Erdogan, Siriýa garşy halkara sanksiýalarynyň bes edilmegini talap etdi we onuň durnuklylygyň ýola goýlulmagy üçin möhüm başlangyç hökmünde häsiýetlendirdi.
Ol şeýle başlangyjyň Türkiýäniň Ýakyn Gündogarda konstruktiw diplomatik çemeleşmesiniň netijeliligini görkezjekdigini aýtdy.
Erdogan şeýle hem ABŞ-na guralmagy ähtimal sapary barada aýdyo, Prezident Donald Tramp bilen duşuşmagy umyt edýändigini aýtdy.