DÜNÝÄ
1 minut okamak
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 279 adama ýetdi
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň sanynyň 279 adama ýetmeginden soň hossarlary gowy habara garaşýar.
Hindistanda bolan uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň sany 279 adama ýetdi
16 hours ago

Air India degişli Boeing 787-8 Dreamliner uçary penşenbe güni günorta wagty heläkçilige uçramazdan gysga wagt öň “maýdaý” çagyryşyny berdi we ýaşaýyş jaýlaryna kakandan soň ýanmaga başlady.

Şu gün irden mesele hakynda berlen beýannamada, Hindistanyň demirgazygynda ýerleşýän Ahmedabad şäherinde bolan uçar heläkçiliginden soň 279 adamyň jesediniň çykarlandygy nygtaldy. Bu waka 21-nji asyryň iň uly uçar heläkçiliklerinden biri hökmünde bellige alyndy.

Uçardaky 242 ýolagçydan we ekipaždan diňe 1 adam halas boldy. Uçaryň ýaşaýyş jaýlaryna kakmagy sebäpli hem azyndan 38 adam ýogaldy.

Anil Patel “Men oglumy iki ýyl soň gördüm. Bu ajaýyp pursat boldy”diýdi.

Ogly bilen gelini uçara münmezden öň ony görmäge gelipdir.

Ýolagçylaryň hossarlary DNA nusgalaryny bermek üçin Ahmedabat şäherine geldi. Käbiri bolsa bu iş üçin Hindistana uçmaly boldy.

Uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň anyk sany, ýolagçylaryň şahsyýetleriniň anyklanylmagyndan soň belli bolar.

Air India uçarynda hindistanly 169, britaniýaly 53, portugaliýaly 7 we kanadaly 1 ýolagçy bilen 12 ekipažyň bardygy nygtaldy.

Uçar heläkçiliginde ýogalanlaryň arasynda ýokary derejeli ýolbaşçylaryň hem bardygy bellenildi.

Amerikaly uçar firmasy Boeing, Air India howa ýollarynyň ýolbaşçylary bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny we olara degişli goldawy bermäge taýardyklaryny mälim etdi.

Bu heläkçilik 787 Dreamliner uçarynyň ilkinji heläkçiligi hökmünde bellige alyndy.

 

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us