DÜNÝÄ
3 minut okamak
BMG: Ysraýylyň gabawy Gazadaky palestinlileri aç goýýar
Bütindünýä Saglygy saklaýyş guramasy Ysraýylyň gabawy sebäpli soňky aýlarda Gaza geçirilýn ynsanperwer kömegiň mukdaryny tankytlap, ony düýpgöter az diýip häsiýetlendirdi.
BMG: Ysraýylyň gabawy Gazadaky palestinlileri aç goýýar
BMG: Ysraýylyň gabawy Gazadaky palestinlileri aç goýýar / Reuters
il y a 14 heures

Gazadaky azyk ýetmezçiligi Ysraýylyň 11 hepdeden bäri dowam edýän gabawy sebäpli iňňän ýokarlandy we şeýle dowam eden halatynda, şertler hasam agyrlaşyp biler diýip, BMG-niň Palestin bosgunlary boýunça agentligi UNRWA-nyň resmisi aýtdy.

“Aprel aýynyň  ahyryna çenli maglumatlarym bar, we olar iýmit ýetmezçiliginiň ýokarlanýandygyny görkezýär” diýip, UNRWA-nyň Saglygy saklaýyş Direktory Akihiro Seita Ženewada geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Eger-de häzirki azyk ýetmezçiligi dowam etse, bu ýagdaý eksponent görnüşde ýokarlanyp, biziň gözegçiligimizden çykar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ysraýyl 2-nji martdan bäri Gaza doly gabaw girizdi.

Ysraýyl Gazanyň gümrük geçelgelerini azyk, lukmançylyk enjamlary we ynsanperwer kömek üçin ýapdy, bu bolsa eýýäm agyr bolan gumanitar krizisi has-da çuňlaşdyrdy diýip, hökümet, adam hukuklary we halkara hasabatlary belleýär.

Duşenbe güni Ysraýyl Kerem Şalom gümrük geçelgesi arkaly Gaza kömek ýüklenen dokuz ýük maşynynyň geçmegine rugsat berdi, emma ynsanperwe kömek guramasynyň işgärleriniň aýtmagyna görä, diňe bäş sanysy geçip bildi.

Bütindünýä Saglygy saklaýyş guramasy Gaza geçirilen kömekleriň möçberini tankytlap, ony düýpgöter ýeterlik däl diýip häsiýetlendirdi.

“Bu zerur bolan kömegiň deňizdäki yekeje damjasy ýaly we ertirden başlap Gaza geçirilýän kömegiň mukdary artdyrylmaly” diýip, BMG-niň ynsanperwe kömek gyramasynyň başlygy Tom Fletçer aýtdy.

Palestinalylaryň 93 göteriminden gowragy agyr azykj ýetmezçiligini başdan geçirýär.

“Gazanyň ilaty açlyk howpuna sezewar bolup, olaryň ýarym milliony açlykdan ölüp biler” diýip, global açlyk gözegçisi geçen hepde beren beýanatynda aýdypdy. Ol ýagdaýyň oktýabr aýyndaky soňky hasabatdan bäri has-da ýaramazlaşandygyny belledi.

Iýmit Howpsuzlygynyň Bilelikdäki Derejeleri (IPC) tarapyndan geçirilen soňky seljeriş üstümizdäki ýylyň 1-nji apreli bilen 10-njy maýy aralygyndaky möhleti analiz edip, ýagdaýyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli nähili boljakdygyny çaklady.

IPC-niň analizine görä, Ysraýylyň gabawy astyndaky Palestin sebitinde 1.95 million adam, ýagny ilatyň 93 göterimi agyr azyk ýetmezçiligini başdan geçirýär, şol sanda 244,000 adam iň agyr, “heläkçilikli” derejede ýaşaýar.

IPC-niň oktýabr aýyndaky analizinde 133,000 adam “heläkçilikli” toparda diýlip görkezilipdi.

IPC-niň analizine görä, sentýabr aýynyň ahyryna çenli 470,000 adam, ýagny ilatyň 22  göterimi “heläkçilikli” topara degişli bolar we bir milliondan gowrak adam “adatdan daşary” derejede bolar diýlip çak edilýär.

“Adamyň janyny halas etmek we açlykdan heläk bolmagyň öňüni almak üçin gyssagly çäreler görülmeli” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Ysraýylyň harby güýçleri 18-nji maýda Gazada giň gerimli ýerüsti hüjümlerini başlap, “Gideonyň arabalary” operasiýasy bilen demirgazyk we günorta Gaza agyr zarba urdy.

Gazadaky gan döküşikli wakalar geçen hepde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogara saparyna gabat gelip, şondan bäri dowam edýär.

Ysraýylyň hüjümleri netijesinde öldürilenleriň arasynda aýallar we çagalar hem bar.

Ysraýylyň zor bilen göçürýän palestinalylarynyň sany hasam artdy. BMG we hukuk goraýyjy toparlar “Gazada howpsuz ýer ýok” diýip, beýan edýär.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us