Milliarder Ilon Mask, ABŞ-da amerikalylaryň uly bölegine wekilçilik etjek täze bir syýasy partiýa zerurlygnyň bardygyny beýan etdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa bir mahallar ýakyn ýarany bolan Mask bilen arasyndaky gapma-garşylygy artýarka, onuň bilen duşuşmak pikirinden ýüz öwürdi.
Ilon Mask anna güni beren beýanatynda, ABŞ-nyň syýasy orta garaýyşly “80 göterimlik bölegine” wekilçilik etjek täze bir syýasy partiýa zerurlygyň bardygyny öňe sürdi. Mask özüniň X sosial media platformasyndan beren beýanatynda: “Halk gürledi. Amerikada ortada ýerleşýän ilatyň 80 göterimini emele getirýän täze syýasy partiýa zerurlyk bar. Adamlaryň 80 göterimi şol pikirde. Bu ykbal” diýip belledi.
Mask, 5-nji iýunda geçirilen sowalnamadan alynan netijäni beren beýanatyndan paýlaşdy. Sowalnamada ABŞ-nyň täze bir syýasy partiýa mätäç bolup-bolmandygy soraldy. Sowalnama takmynan 5,6 million adam gatnaşdy we netijelere görä, gatnaşanlaryň 80,4 göterimi täze partiýanyň zerurdygyny aýtdy.
Mask şol sowalnamanyň başga bir bölegini paýlaşyp bolsa, täze partiýany göz öňünde tutup “Amerikan partiýasy" sözlerini ulandy.
Indi dostluk ýok
Beýleki tarapdan, Tramp dartgynlygy gowşatmak üçin Mask bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmak meýilnamasynyň bolmandygyny, hatda dostlugynyň iň ýokary derejesinde satyn alan Tesla ulagyndan ýüz öwürmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Tramp anna güni gije Nýu-Jersidäki golf klubyna barýarka, Air Force One uçarynda metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Dogrymy aýtsam Hytaý, Russiýa we Eýran bilen bagly işler bilen şeýle bir meşguldym welin, Ilon Mask barada pikir etmäge elim degmedi, oňa diňe ýagşy dilegleri arzuw edýärin” diýip belledi.
Tramp ondan soň bolsa Fox News kanalyna beren reportažynda, Maskyň “aklyny dolulygyna ýitirendigini” aýtdy.
Tramp şeýle hem Maskyň täze syýasy partiýa döretmek teklibine alada bildirmeýändigini, sebäbi Kongresdäki respublikançylaryň güýçli goldawyny alýandygyny aýtdy.
Ikisiniň arasyndaky düşünişmezçilik geçen hepde Maskyň Trumpyň çykdajy kanunyny tankytlamagy bilen başlandy we Mask soňra Hökümetiň netijeliligi departamentiniň başlygy wezipesinden çekildi.
Jedeller bu hepde hasam güýçlendi. Mask Trampy henizem gizlin bolan Jeffri Epşteýn faýllaryna gatnaşmakda aýyplaýar.
Trump, arkasyndaky ABŞ hökümetiniň güýji bilen, Maskyň hökümet bilen baglaşan şertnamalaryny we subsidiýalaryny ýatyrmak bilen hemle atdy.