Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiyede güýç merkezi Stambulyň Siliwri etraby bolan 6,2 bal ululygynda güýçli bir ýer titreme boldy.
Ýer titreme çarşenbe güni ýerli wagt bilen sagat 12:49-da başdan geçirildi. Stambulda we golaýdaky welaýatlarda hem duýulan ýer titreme adamlarda howsala döretdi.
Ýene-de bir ýer titreme bolsa 4,9 bal ululygynda sagat 13:02-de Stambulyň Büýükçekmeje etrabynyň suw giňişliginde Marmara deňzinde boldy.
AFAD ähli edaradyr-guramalaryň iş alyp barýandygyny, çekilen zyýanyň anyklanmagy we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin işleriň geçirilýändigini habar berdi.
Edara degişli toparlaryň ýagdaýa işjeň ýagdaýda gözegçilik edýändigini we işleri koordinasiýa edýändigini beýan etdi. Häzirki wagta çenli adam pidalary we çekilen uly zyýan barada maglumat berilmedi.
Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan beren beýanatynda, resmileriň ýagdaýa ýakyndan gözegçilik edýändigini mälim etdi.