Stambul şäherinde Eýran bilen Ýewropaly üç ýurduň Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň gatnaşmagynda möhüm gepleşik geçirler.
E3 hökmünde atlandyrylýan bu üç Ýewropa ýurdy, Hytaý, Russiýa we ABŞ bilen birlikde şertnama goldaw berýän ýurtlaryň hatarynda durýar.
Ýewropa ýurtlary bilen Eýran 2015-nji ýylda ýadro meýilnamasy sebäpli Eýrana goýlan sanksiýalaryň bes edilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Emma ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, 2018-nji ýylda prezidentliginiň ilkinji döwründe şol ylalaşykdan bir taraply ýagdaýda çekilipdi we Eýranyň bankçylyk pudagy bilen birlikde nebit eksportuna täze sanksiýa goýlupdy.
Trampyň ylalaşykdan çekilýändigi baradaky beýannamasynda 1 ýyl soň Eýran hem beren wadasynda durmajakdygyny mälim etdi.
Ylalaşyk, Eýranyň ýadro meýilnamasyny BMG-nyň gözegçiligi astynda dowam etdirmegini we öwezine sanksiýalaryň bes edilmegini öz içine alýardy.
Üç Ýewropa ýurdy, Eýranyň tutumyna jogap hökmünde BMG-nyň sanksiýalarynyň gaýtadan güýje girip girmezligi meselesini seljerýär.
Eýranly ýokary derejeli diplomat, sankiýalaryň gaýtadan güýje girmeginiň esasan Ýewropa ýurtlaryna ýaramaz täsirini ýetirip biljek halkara derejesinde ýadro ýaraglarynyň ýaýramagy howpuna eýedigini nygtady.
Fransiýada çap edilýän “Le Point” žurnalynda bolsa, Tähranyň Ýewropa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklaryna täze sahypa açmaga taýardygy nygtaldy.