Bangladeşiň wagtlaýyn lideri Muhammed Ýunus bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Şigeru Işiba Tokioda geçirlen gepleşiklerde strategik hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy boýunça ylalaşyk gazandy.
Bangladeşiň wagtlaýyn lideri Muhammed Ýunusyň metbugat gullugyndan berlen beýannama görä, Ýaponiýa, Bangladeşe 1,063 milliard dollarlyk bujet kömegini berer we demir ýollarynyň abatlanmagy taslamasynyň jogapkärçiligini öz üstüne alar.
Iki lider goranyş enjamlary we tehnalogiýa eksporty baradaky şertnamanyň gysga wagtda netijelenmegini umyd edýändigini mälim etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde, ýapon hökümeti bilen hususy pudagyň penşenbe güni baglaşan ylalaşyk teswirnamasynyň çäginde 5 ýylda bangladeşli 100 müň adam üçin iş mümkinçiligi dörediler.
Bangladeşiň wagtlaýyn lideri Muhammed Ýunus Ýaponiýa guran 4 günlük saparynyň çäginde 30-njy Nikkei Aziýanyň geljegi forumyna gatnaşdy.
Saparyň çäginde, Bengal aýlagynyň Senagat ösüş zolagy taslamasy bilen birlikde Ýaponiýanyň infrastruktura pudagyna goýan maýa goýumlary meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iki ýurt hem Rohingýa bosgun krizisi boýunça bilelikdäki pozisiýalaryny tassyklady we rohingýalylaryň Mýanmada “durnukly, howpsuz we meýletin ýagdaýda yzyna dolanmaklarynyň möhümdigini nygtady.
Bangladeş esasy bölegi 2017-nji ýylda başdan geçirlen Mýanmadaky harby operasiýalardan gaçyp gelen 1,3 milliondan gowrak Rohingýala Koks Bazar sebitinde ýer eýeçiligini edýär.