ABŞ bilen Ysraýylyň arasynda Eýranyň ýadro mümkinçiligi barada garaýyş tapawutlylygy bar. ABŞ-nyň razwetka gullugyna görä, Tähranyň atom bombasyny öndürmek üçin ýene-de birnäçe ýyl gerek, emma Tel-Awiw şol howpyň ýakyn wagtda ýüze çykjakdygyny nygtaýar.
CNN-niň berýän habaryna görä, Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahu, Eýranyň atom bombasyny öndürmek baradaky işleriniň depgini güýçlendirendigini öňe sürýär we Ysraýylyň Eýranyň ýadro desgalaryna we harby infrastruktuasyna garşy hüjüm gurandyklaryny mälim etdi.
CNN mesele barada 4 çeşmä esaslanýan başga bir habarynda bolsa, ABŞ-nyň rezwatka gullugynyň Eýranyň atom bombasyny öndürmek üçin işe girişendigine ynanmaýar we ony öndürmek üçin azyndan 2-3 ýylyň gerekdigini nygtaýar.
Soňky hüjümlerde Natanz ýaly ýadro desgasyna zeper ýetirildi emma berk gözegçilik astyna alynan Fordo urany kämilleşdiriş desgasy öz işini dowam etdirýär.
Hünärmenlere görä, Ysraýylyň Fordo desgasyny nyşana almagy üçin ABŞ-da öndürlen ýaraglar bilen birlikde howa goldawy gerek.
Brett MjJurk “Ysraýyl şol ýadro desgalarynyň üstünde uçup biler, olara zeper ýetirip biler emma olary dolulygyna hatardan çykmak isleýän bolsa ABŞ-nyň harby taýdan goldaw bermegi üçin ylalaşyk gazanylmaly” diýdi.
Tramp howpsuzlyk gullugynyň maglumatlaryny äsgermeýär
Tapawutly garaýyşlar Trampyň administrasiýasy üçin uly kynçylyk döretdi. Olar dartgynlygy möwjetmekden gaça durmaga synanşýar, beýleki tarapdan bolsa şol bir wagtda degişli gaýtawulyň görkezilmegi üçin taýarlyk görýar.
Milli howpsuzlyk gullugynyň direktory Tulki Gabbar mart aýynyň başynda beren beýannamasynda howpsuzlyk gullugynyň Eýranyň atom bombasyny öndürýändigine ynanmaýandygyny mälim edipdi.
Gabbaryň beýannamasyna äsgermezçilik eden Tramp “Men onuň näme diýendigine üns bermeýärin. Men Eýranyň ýakynda ýadro ýaragyna eýe boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.
Sebitdäki dartgynlyk anna güni Ysraýylyň Eýranda ýadro desgalaryna we harby merkezlere guran howa hüjümlerinden soň Tähranyň degişli gaýtawuly görkezmeginden soň has-da möwjedi.
Ysraýylly ýolbaşçylar, Eýranyň raketa hüjümlerinde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Eýran bolsa Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 224 adamyň ýogalandygyny, 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny aýan etdi.