DÜNÝÄ
1 minut okamak
Finlýandiýada iki dikuçaryň kakyşmagy sebäpli 5 adam ýogaldy
Şenbe güni Eura howa menziliniň golaýynda bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy.
Finlýandiýada iki dikuçaryň kakyşmagy sebäpli 5 adam ýogaldy
14 hours ago

Finlýandiýanyň günorta günbatarynda ýerleşýän Eura howa menziliniň golaýynda iki dikuçaryň howada kakyşmagy we tokaýlyk meýdanda ýer gaçmagy sebäpli 5 adam ýogaldy.

Şenbe güni günortadan soň Kauttua şäherçesiniň golaýynda iki dikuçaryň kakyşandygy nygtaldy.

Mesele hakynda resmi beýannama beren Milli derňew toparynyň ýolbaşçysy Siirila, “Şenbe güni Eura howa menziliniň golaýynda bolan dikuçar heläkçiliginde 5 adam ýogaldy” diýdi.

Dikuçarlaryň birinde 2, beýlekisinde bolsa 3 adamyň bardygy anyklady.

Estoniýanyň ERR radio telewideniýe guramasy tarapyndan berlen we Finlýandiýanyň “Helsingin Sanomat” gazetine esaslanylýan habara görä, dikuçarlardan biri Estoniýa, beýleki bolsa Awsriýa degişli.

Dikuçarlaryň Estoniýaly NOBE we Eleon firmasyna degişli bolandygy bellenildi.

“Yle Nýus” dikuçarlaryň awiasiýa çäresine gatnaşmak üçin uçandygyny mälim etdi.

Finlýandiýaly we Estoniýaly wekilleriň gatnaşmagynda heläkçiligiň sebäbiniň anyklanylmagy üçin iş gozgalandygy nygtaldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us