TÜRK DÜNÝÄSI
2 minut okamak
Türkmenistanda Türkmen halysynyň bayramy bellenilip geçildi
Çeperligi we kaşaňlygy bilen gözleri gamaşdyryan Türkmen halysynyň Milli bayramy Aşgagabatda dabara bilen bellenilip geçildi.
Türkmenistanda Türkmen halysynyň bayramy bellenilip geçildi
Türkmenistanda Haly Baýramy / TRT Turkmen
26 Maj 2025

Türkmenistanyň Türkmenhaly döwlet bileleşiginiň guramagynda sergilenen taysyz gözellikdäki halylar gatnaşyjylary özüne bendi etdi.

Umumy adamzadyň konktert däl medeni miras sanawynda duryan, el hünäri, göz nury türkmen halysynyn Milli bayramy Aşgabadyň Haly muzeyinde guralan dabara bilen bellenilip geçildi. Dabara halk deputatlary, byurokratlar, halyjylar bilen yurduň medeniyet we sungat ussatlary gatnaşdylar. Dabaranyň açylyşynda aydym-sazlar yerine yetirildi, ajayyp tans çykyşlary görkezildi, soň bolsa haly muzeyinde ajayyp halylara ser salyndy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň wekili Ogulhan Ruzyyewa TRT-ä beren interwyusynda: “Türkmenistanda halyjy zenanlara goyulyan sarpanyň nyşanasy hökmünde her yylyň may ayynyň soňky hepdesi Milli haly bayramy hökmünde bellenilip geçilyär. Milli tebigy boyaglar bilen boyalan inçe halylar, yüň we ýüpek halylar bärde sergilenyär. Şeyle hem haly önümlerini hödürleyäris. Türkmen halysynda enelerimiziň, zenanlarymyzyň gayduwsyzlygyny, söygüsini, edermenligi görüp bilersiňiz” diydi.

Zenanlar halylarda bäş welayaty aňladyan gölleri duygurlyk bilen dokayar, duygularyny we arwuz-hyllaryny ilmek-ilmek öryär. Haly muzeyinde sergilenyän taysyz gözellikdäki halylar, haly önümlerinden ybarat sowgatlyklar, sumkalar we bezegler gelenleriň ünsüni özüne çekyär.

Stambulyň Haly eksportçylary bileleşiginiň başlygy Ahmet Hayri Diler TRT-ä beren interwyusynda şeyle diýdi: “Dünyäniň iň inçe halylary türkmenler tarapyndan dokalyar. Bu däbi dowam etdiryändikleri üçin türkmen halkyna sagbolsun aydyarys. Bärde ajayyp halylar dokalyar. Olaryň gölleriniň, nagyşlarynyň her biriniň özboluşly manylary bar. Stambulda beyleki yurtlar bilen bilelikde türki döwletleriň hem gatnaşmagynda uly göwrümli haly festiwalyny geçirmek isleyäris” diydi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hem Milli haly bayramy mynasybetli çap eden yüzlenmesinde haly dokama däbiniň türkmenleriň ruhy gymmatlyklaryny beyan edyän gadymy sungatlardan biridigini beyan edip, halyçylyk sungadanyň dowam etdirilmegi üçin ähli tagallanyn edilyändigini nygady.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us