SYÝASAT
1 minut okamak
Ýaponiýa, Fukuşima Atom elektrik bekedindäki ýangyjyň galyndylarynyň çykarylmagy üçin synag geçirýär
2011-nji ýyldaky ýer titremesinden we sunami apatyndan soň 3 ýadro reaktoryndaky ýadro ergini sebäpli desgada 880 tonna golan ýadro ýangyjynyň galyndysy galýar.
Ýaponiýa, Fukuşima Atom elektrik bekedindäki ýangyjyň galyndylarynyň çykarylmagy üçin synag geçirýär
/ AFP
April 16, 2025

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, apatda uly zeper ýetirlen Fukuşima Daiiçi atom elektrik bekedini dolandyrýan TEPCO firmasy, sişenbe güni zeper ýetirlen desgadan ýadro ýangyjynyň galyndylarynyň çykarylmagy üçin synag geçirýär.

NHK Worlde berlen habara görä, Tokio Elektrik energiýasy kampaniýasy TEPCO 2 belgili reaktordan az mukdardaky ýadro ýagyjynyň galyndylaryny çykarmak üçin synag işlerine başlady.

TEPCO geçen ýylyň noýabr aýynda, ilkinji gezek 2011-nji ýyldaky uly ýer titremesinde we yzy ýanyndan bolan sunamy apatynda uly zeper ýetirlen reaktordan erän ýangyjyň kiçi bölegini üstünlikli ýagdaýda çykarypdy.

Habara görä, TEPCO, ilkinji synagda ulanylan usuly gaýtalamagy meýilleşdirýär. Bu usulda inçe turba görnüşli enjam goraýjy gabyň içine goýlup, düýbündäki birnäçe gram galyndy bir ýere jemlenýär. Firma etap üstünlikli ýagdaýda dowam eden halatynda, galyndylary öňümizdäki hepde çykarmagy meýilleşdirýär.

Fukuşia Daiiçi atom elektrik bekedindäki 3 reaktorda takmynan 800 tonna golaý galyndy bar. Şol bekede 2011-nji ýylda Ýaponiýada bolan 9 bal ululygynda ýer titremesi we sunami apaty sebäpli uly zeper ýetirlipdi.

 

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us